Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: “Serhetden aňyrda”


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
Serhetden aňyrda

Paýtagtda ýaşaýan ýazyjylar Berdinazar Hudaýnazarow, Ýylgaý Durdyýew we Annaly Berdiýew dagy Nebitdaga (häzirki Balkanabat) döredijilik iş saparyna barýar. Olary garşylap, myhmanhana ýerleşdiren nebitdagly şahyr, belli ýomakçy Pyhy Tagan:

– Günde-günaşa gelip duraňzok. Size özüm hormat-hezzet etjek. Öz güýjüm ýetmese, dogan-garyndaşlarym kän, olar sizi myhman alyp, hyzmat eder – diýipdir.

Pyhy däde üç günläp olary öz öýünde, dogan-garyndaşlarynyň öýünde myhman alyp, kemsiz hormat-hezzet edipdir. Dördünji gün geler ýerde Pyhy däde gelmändir. Paýtagtly myhmanlar oňa gaýybana sögünip, geýnip restorana gitjek bolup duran wagty Pyhy däde gapydan girýär. Myhmanlar ýrli-ýerden oňa:

– Pyhy, diňe üç gün myhman aldyň. “Dogan-garyndaşym kän” diýip, öwünýärdiň, hany olar? Biziň hormatymyz diňe üç günlükmi?– diýip, çyndan igenipdirler.

Pyhy däde olara:

– Dogan-garyndaşymyň köpdügi çyn. Ýöne ýurtda bolşewikleriň döwleti berkarar bolandan soňra köpüsi gara başyny bolşewiklerden halas etmek üçin serhetden aňra, Eýrana –Türkmensähra gaçyp gitdi. Men sizi diňe bärde galanlarynyň öýünde myhman aldym – diýip, ýagdaýy “düşündiripdir”.

***

Arza

Türkmen ýazyjylarynyň tas ählisi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny buýsanç bilen garşy aldy. Ýöne ýurtda diktatura kemala gelip ugranda, özüne hormat goýýan ýazyjylar diktatordan daşlaşdy. Şol mertligi tapan az sanly ýazyjylardan biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowdy. Ynamy synan Çary aga öýkesini içine salyp, uzak wagt dymyp bilmedi.

Ol günlerde bir gün ýöredilýän syýasatdan närazylygyny Nyýazowyň hut özüne aýan etdi. Bu şeýle boldy. 1994-nji ýylyň tomsunda-da öňki ýyllardaky kada eýerip, onlarça ýazyjy bolup, ýazyjylaryň Pöwrüzedäki döredijilik öýünde dynç alýardyk. Agşamlaryna bir ýere ýygnanyp, meýlis etmek, gijäniň bir wagtyna çenli kart (“duraka”) oýnamak kada öwrülen zatdy. Şeýle günleriň birinde gijeýary dargap ugranymyzda, Çary aga maňa:

– Tentek, sen gal! – diýdi.

Çary aga gowy görýän ýaşkiçi galamdaşlarynyň adyny üýtgeşik bir mähir bilen “Tentek” diýip tutardy. Soňra-da, ol: “Beýle ýüzlenýänime öýke edýän bolsaň, seni öz tiräme-de kabul edip biljek” diýerdi. Onuň tiresi “Däliler” tiresidi. Her kim “däli” bolmajak bolup, “tentek” bolmaga kaýyldy.

Men halypanyň ýanynda galdym. Ol bolýan otagyndan kagyz-galam alyp çykdy. Soňra-da:

– Gözüm kütelipdir. Üstesine elim-de biraz saňňyldaýar. Tentek, menden akylly boljak bolma-da, aýdan zadymy aýdyşym ýaly ýaz! – diýdi.

Men Çary aganyň aýdanlaryny sözme-söz kagyza geçirdim.

“Türkmenistanyň Prezidenti S.A.Nyýazowa
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ç.Aşyrowdan
Arza
Men 1970-nji ýylda 60 ýaşym dolanda hormatly dynç alyşa – pensiýa çykdym. Maňa respublika ähmiýetli personal pensiýa bellediler. Ol 120 rubldy. Oňa şol wagt 40 çüýşe arak alyp bolýardy. SSSR darganyndan soňra rubl ýatyrylyp, milli manat dolanyşyga girizildi. Pensiýanyň möçberem üýtgedi. Häzirki pensiýama 40 çüýşe arak düşenok. Şonuň üçinem, manat görnüşindäki pensiýamy ýatyryp, 40 çüýşe arak görnüşinde pensiýa bellemegiňizi haýyş edýärin.
14.8.1994 ýyl”.


Aradan 4-5 gün geçdi. Meni prezident edarasyna çagyryp, Çary aga ýazyp beren “Arzamy” öňümde göýdular. Çary aga “Arzanyň” yzyna goluny çekip, ony prezidentiň diwanyna elin ýollan eken.

“Şu arzany sen ýazdyňmy? Poçerk seniňkimi?” – diýip soradylar.

“Hawa, poçerk meniňki, Çary aga degişýändir diýip, oý etdim. Şonuň üçinem ýazyp berdim” diýdim. “Näme, prezident siz üçin oýunjakmy? Ikiňiz bilenem şeýle bir degişeris, ömürboýy gülüp gezersiňiz” diýdiler.

Çary agany-da şol haýbatly edara çagyrypdyrlar. Ol: “Men 84 ýaşly goja, gözüm erbet görýär. Ýörär ýolumy saýgaramok. Beýle göresiňiz gelýän bolsa, özüňiz geliň! Demokratik, hukuk döwletini gurýarys diýýäňiz. Haýyşyňy prezidente ýetirmek gadaganmy? Arza meselesinde Amanmyrada azar beriji bolaýmaň! Halypalary bolup goh ederis. Ol diňe haýyşymy berjaý etdi” diýipdir.

Arza sebäpli soňra meniň bilen “degişmediler”. Çary aga bilen welin “çyndan degişdiler”. Halypanyň ady “Gara sanawa” hemişelik girizildi. 2000-nji ýylda 90 ýaşy dolanda, ony bilmezlige saldylar.

Şu sene mynasybetli tutan toýuna emeldarlaryň, onuň goldawy bilen edebiýata gelen galamdaşlarynyň, dünýäniň “düz wagty” ony halypasy saýan “şägirtleriniň-de” köpüsi diýdimzor diktatora wepalydygyny äşgär etmek üçin bu toýa barmadylar. Halypa 2003-nji ýylyň fewralynda 93 ýaşynyň içinde dünýäsini täzelände-de, bu şeýle boldy.

***

Giýew bahasy

Meşhur ýomakçy Pyhy Tagan ýurtda giňden tanalýan maldar Kemen Çagylow bilen bajady (ikisiniň aýaly dogandy). Pyhy däde Nebitdagdan Gazanjyga (häzirki Bereket) gelende Kemen aganyň öýüne myhman düşüpdir. Pyhy däde Saçak başynda:

– Arada gaýynenemiziň ýanyna ýörite salama bardym. Bärä gaýtjagymy aýtdym. Saňa, öý-içeriňe köp dogaýy salam aýtdy. Ol gürrüňiň arasynda “Pyhy, Kemen sençe ýokdur. Seniň başarýan işiňi Kemen başarmaz” diýdi. Öýke-kine etme, gaýynenemiziň sözüni saňa ýetirýän – diýipdir.

Kemen aga ör-gökden gelipdir:

– Onuň beýle sözi aýtmaga neneň dili barýar? Men ozal Lenin adyndaky kolhoza başlyk boldum. Ine, indem ýigrimi bäş ýyl bäri “Gazanjyk” sowhozynyň direktory. Şu ýigrimi bäş ýylda sowhoz dokuz gezek Bütinsoýuz ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bütinsoýuz göçme Gyzyl Baýdak iş kabinetimde dur. Meniň direktor döwrüm sowhoz “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordeni bilen sylaglandy. Özümiň ähli döwlet sylaglarymy, orden-medallarymy sanap oturmaýyn, iki gezek Lenin ordeni bilen sylaglandym. Ine, sen näme başarýaň? Çendan-ýarym şerebeli söz aýdýaň, goşgy goşýaň. Boýnuňdan fotoapparat asyp, surat alýaň. Ol nähili men sençe bolmaýan?! – diýipdir.

Pyhy däde sowhoz direktory bajasyna:

– Kemen, özüň üstünden bardyň! Gaýynenemiz “Pyhy, sen surat alyp, ony çykaryp bilýäň. Soňra alan suratyňy getirip berýäň. Kemen surat alyp bilenok. Şol sebäplem ol sençe ýok diýdi – diýip, gaýynenesiniň sözüne düşnükli teswir
beripdir.

Gülmekden gaýry alajy galmadyk Kemen aga hezil edip gülüpdir.

***

Iki dogan

XX asyryň 80-nji we 90-njy ýyllarynyň sepgidinde Türkmenistana-da üýtgedip gurmagyň öwüsgini aralaşyp ugrapdy. Köpçülik çendan-ýarym bir ýere ýygnanyp, hak-hukugyny, demokratiýany talap edýärdi. Şol döwür Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup işleýän Saparmyrat Nyýazow Moskwadaky partiýa liderleriniň göreldesine eýerip, şeýle ýygnanyşyklaryň käbirine gatnaşýardy.

Ylymlar Akademiýasynda geçirilen ýygnakda adamlar türkmen dilini döwlet dili diýip yglan etmegi talap etdi. Kimdir-biri bu babatda Pribaltika respublikalarynyň, ýene biri Kawkaz respublikalarynyň, başga biri goňşy respublikalaryň göreldesine eýermegi nygtady. Ýöne haýsy regionyň, haýsy respublikanyň ady tutulsyn, tapawudy ýok, Nyýazow:

– Biziň olar bilen işimiz ýok, olardan ýolumyz aýra – diýip, jogap berýärdi.

SSSR-iň düzümine girýän 13 respublikanyň ady tutulanda, Nyýazow şol bir jogaby gaýtalady. Ol iň soňunda:

– Adamlar, geliň, şu gürrüňi goýalyň! Biz beýik rus halky bilen ozal biledik, indem bile bolarys. Rus dili döwlet dili bolmagynda galsyn – diýdi.

Ýazyjy Akmyrat Şirow ör turdy. Soňra-da:

– Ýoldaş Nyýazow, ýetmiş ýyl “Biz SSSR-iň düzümine girýän on bäş respublikanyň biri. Biz on bäş dogan” diýyp geldik. Sen onuň sanyny ikä getirdiň. Bu nähili beýle bolýar? – diýdi.

Sowala jogap tapmadyk Nyýazow ýygnagy ýapdy.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG