Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sergeý Lawrow Siriýanyň oppozisiýasyna ýüzlendi


Lawrow: "Men Siriýanyň oppozisiýasyny Assadyň häkimiýetden gitmelidigi baradaky talaby bir gyra goýup, konstruktiw gün tertibini işläp düzmeklige çagyrasym gelýär".
Lawrow: "Men Siriýanyň oppozisiýasyny Assadyň häkimiýetden gitmelidigi baradaky talaby bir gyra goýup, konstruktiw gün tertibini işläp düzmeklige çagyrasym gelýär".
Şenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi bilen Moskwada gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen eden çykyşynda Sergeý Lawrow Siriýadaky konfliktleriň gepleşikler arkaly çözülmegi üçin heniz mümkinçikleriň bardygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol Siriýanyň oppozision koalisiýasynyň prezident Başar al-Assadyň hökümeti bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwürmegini “çykalgasyz petik” diýip atlandyrdy. Sergeý Lawrow BMG-niň Siriýa boýunça synçylar toparynyň bu ýurda dolanmalydygyny hem nygtady.

Sergeý Lawrow Siriýadaky oppozision söweşijileriň prezident al-Assadyň häkimiýetden gitmelidigi baradaky talaplaryny bes etmeldiklerini aýtdy.

Sergeý Lawrow (sagda) we Lahdar Brahimi Moskwada metbugat konferensiýasynda. 29-njy dekabr.
Sergeý Lawrow (sagda) we Lahdar Brahimi Moskwada metbugat konferensiýasynda. 29-njy dekabr.
“Men şu gün şu mikfronyň üsti bilen Siriýanyň oppozisiýasyny häzirlikçe özlerini birleşdiriji bir faktory, ýagny Assadyň häkimiýetden gitmelidigi baradaky talaby bir gyra goýup, konstruktiw gün tertibini işläp düzmeklige çagyrasym gelýär. Men olary Siriýanyň geljegini göz öňünde tutýan garaýyşlaryny kagyz ýüzüne geçirmeklige çagyrýaryn” diýip, Lawrow öz çykyşynda belledi.

Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden gitmek niýetiniň ýokdugyny we onuň häkimiýetden gitmegini hiç kimiň, şol sanda Siriýanyň ýakyn ýarany bolan Orsýetiň-de talap edip bilmejekdigini aýtdy.

Öz gezeginde BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi edil häzirki wagt Siriýa üçin iki sany wariantyň, ýagny ýa-ha syýasy prosesi ýola goýmaklygyň ýa-da “dowzahyň” öňde durandygyny nygtady.

Ol: “Häzirki wagt bar bolan ýeke-täk alternatiwa dowzah ýa-da syýasy prosesi ýola goýmak. Şoňa görä-de, biziň hemmämiz syýasy prosesi ýola goýmak ugrunda ýadawsyz iş alyp barmaly. Elbetde, bu kyn we çylşyrymly iş. Emma, eger biz hakykatdanam jogapkärçilikli halkara jemgyýetçiligi bolmak isleýän bolsak hem-de siriýalylalara ýardam bermek we olaryň ýurduna hem-de halkyna jogapkärçilikli çemeleşmek isleýän bolsak, onda bize şu ýoldan başga ýol ýok” diýdi.

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi özüniň Moskwa edýän häzirki saparynyň barşynda Siriýada wagtlaýyn geçiş hökümetini döretmek meselesi boýunça öňe sürülýän taslamany Orsýetiň goldamagy ugrunda tagalla eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG