Sepleriň elýeterliligi

Hoşlaşyk

Men menzile ýetdim, galaýyn munda,
Söýmesem-de, meni söýen, söwdügim!
Düşün, bu söýgüniň diregi men däl,
Özüni däl, söýgüsini söydügim!

Meni şu duralga tabşyr, aman git,
Uzak-uzak ýoldan bagtyňy sora!
Men seni,
Söýgüňi gorap bilmerin,
Gara göz, sen menden özüňi gora!

***

Öýke ýazylyşyk pursady

Diýdim: – Senem özüň saýýarmýn adam?
Diýdi: – Adam bolman kimmiş, ýeri men?
Diýdim: – Adam, bu men toprakdan dörän,
Sen, jenanym, otdan dörän peri sen!

***

Öküz hakda hakykat

Öküz, öküz, agta öküz,
Eg sen aşak şahly başy,
Salaýyn men nogta, ökýz!
Salaýyn men boýna hamyt,
Bol borjuňa pugta, öküz!
Dakaýyn men saňa azal,
Ýer gelipdir tagta, öküz!
Sägineňde çybyk çalsam,
Käýinme şor bagta, öküz!
Öküz, öküz, agta öküz,
Berekella, borjuň berjaý,
Ekdik bugdaý, arpa, öküz!
Däne bişdi, kaýyl bol sen,
Ykbalyňa – nagta, öküz!
Göz dikme sen käne, öküz!
Ýetdik paýyň saman boldy,
Ata ýetdi däne, öküz!
Öküz, öküz, agta ökýz,
Öýke etme bu gün saňa,
“Sag bol, öküz!” diýmeseler.
Näderdiň sen, ekeniňe,
At daksalar,iýmeseler?!
Sürüme çen, ekişe çen,
Sen aty öw, magta, öküz,
Öküz, öküz, agta ökýz...

***

Sowal

Günäm oňa bir bakmanym, näzlim maňa müňkür bakar.
Bu söýgüniň towumy ýa?
Aý ýüze niçik bakaýyn, – baksam, gözüm şugla gapar.
Men kör bolsam, gowumy ýa?!

***

Saňa

Gorkmasam-da ol gybatkeş dillerden,
Saňa “Söýýän” sözün pyşyrdap aýtdym.
Şol hyjuwuň özi bolup gygyrsam,
Birden aramyza ýaň düşer öýtdüm.

***

Eşekli gürrüň

“Eşek” diýip, azgyrylýar eşege,
Ýöne ýola çyksa, eşekli gidýär,
Eşekli dolanýar öýe--işige.

***

Sen niçiksi millet!

"Golýazma kitabym sile aldyrdy,
Duşmanymy jeýhun derýa eýledi".

Magtymguly.

Pyragyň kitabyn sil alan çagy,
Çakym, ýowuz haly bolandyr gören.
Çakym, türkmen içre tapylan däldir,
Sile kitap üçin özüni uran.

Sen niçiksi millet, niçiksi il sen,
Täk özüňmi bar bilýäniň, görýäniň?
Aňmadyňmy, akyly sil alanyn,
Kitap däl,
Milletiň akyp barýanyn?!

***

Düwünçek

Allanyň buýrugy, pelek kadasy,
Ilki ekip, soňra orýar bar zady.
Bedew ölýär, naly galýar jahanda,
Är ölýär, älemde galýar şöhrady.

***

Aç ölmese bolar, golda kär bolsa,
Hanlyk sürse bolar, zer ýa zor bolsa.
Adam akylyndan azaşyp biler,
Eger serde ozal akyl bar bolsa.

***

Özüňi tanaman, gaýrat dileme,
Yzynda durmaga barmy şir ýürek?!
Kimdigiň bilmeseň, akyl dileme,
Götermäge hem akylly baş gerek.

***

Jüp sowala jogap tapman kemsindim,
Akyla öýkäm bar, heser, gam mende.
Gorkagy ýeňenler kimdir älemde?!
Gorkyny ýeňenler kim bolýar munda?!

***

Göterinip bilmen, belki, baýlygy,
Rysgal ber, namarda zar etme, Taňry!
Serime paýhas ber, dile parawuz,
Jylaw ber, geçmäýin özümden aňry.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG