Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Içerki hüjümde” britaniýaly öldürildi


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Keýmeron (ortada) Owganystandaky britan harbylary bilen. 2012 ý.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Keýmeron (ortada) Owganystandaky britan harbylary bilen. 2012 ý.

Owganystanda “içerki hüjümiň” netijesinde NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky esgerleriň arasyndan bir britaniýaly atylyp öldürildi.

Owganystandaky Halkara güýçleriň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, Britaniýanyň raýatyny atyp öldüren hüjümçi ýurduň milli armiýasynyň harby lybasynda eken.

Guenter Katz bu barada sişenbe güni Kabulda geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy: “Owganystanyň milli armiýasyna we Halkara güýçlere garşy ýarag göteren hüjümçi soňraky ok atyşygyň netijesinde öldürildi. Bu waka Gilman welaýatynyň Hazrat bazasynda ýüze çykdy”.

Halkara güýçleri bu waka boýunça derňewiň başlanandygyny mälim etdi.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili bu hüjümi NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky esgerleriň düzümine sümülmegi başaran öz hüjümçileriniň biriniň amala aşyrandygyny aýtdy.

Soňky döwürde “içerki hüjüm” diýlip atlandyrylýan wakalaryň artýandygy barada habar berilýär. Ýaranlygyň maglumatlaryna laýyklykda, geçen ýyl şeýle wakalaryň 45-sinde daşary ýurtly esgerleriň 60-dan gowragy öldürilipdir.

Soňky wagtda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň wekilleri-de öz egindeşlerini atyp başladylar.

Bu aralykda, sişenbe güni, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň ABŞ-a edýän dört günlük resmi sapary başlanýar.

Prezident Barak Obamanyň we Hamid Karzaýyň anna gününe planlaşdyrylan maslahatynda, 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Owganystandan Halkara güýçleriň çykarylmagynyň hem maslahat edilmegine garaşylýar.

Maglumata görä, Ak Tam 2014-nji ýyldan soň hem Owganystanda käbir goşun bölümlerini saklamagy göz öňünde tutýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG