Sepleriň elýeterliligi

Wenesuela: Parlament Çaweziň kasam ediş dabarasyny soňa goýdy


Wenesuelanyň parlamenti, prezidentiň kasam ediş dabarasyny Ugo Çaweziň saglyk ýagdaýy sebäpli soňa goýdy. Çawez penşenbe güni parlamentde kasam etmelidi. Häzirki wagt Çawez Kuabada bejergi alýar.

Milli Assambleýadaky Çawezi goldaýan köpçülik, onuň ýakyn günleriň dowamynda Ýokary sudda kasam getirmelidigi baradaky teklibi makullady.

Şol haýyş parlamente wise prezident Nikolas Maduro tarapyndan hödürlenipdi. Nikolas Maduro Çaweziň mirasdüşeri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Oppozision deputatlary Çaweziň ygtyýarlyklarynyň penşenbe güni gutarýandygyny aýdyp, Ýokary suda bu işe garamagyna çagyryş etdi. Şeýle-de olar parlamentiň başlygy Diosdado Kabella, prezidentlik wezipesini wagtlaýynça öz boýnuna almagy üçin çagyryş etdiler.

Penşenbe güni wise prezident Nikolas Maduronyň hem wezipe ygtyýarlyklary tamamlanýar. Çawez 1999-njy ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolup, ol oktýabr aýynda gaýtadan prezidentlige saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG