Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň ozalky goranmak ministri Serdýukow soraga çagyryldy


Anna güni Orsýetiň ozalky goranmak ministri Anatoliý Serdýukow 100 million dollarlyk maliýe galplyklary bilen baglanyşykly alnyp barylýan derňewler bilen baglanyşykly soraga çagyryldy.

Orsýetiň habar serişdeleri şu gün onuň öz adwokaty bilen bilelikde Moskwanyň jenaýat-derňew komitetine barandygyny habar berýärler. Anatoliý Serdýukow geçen ýylyň dekabrynda-da bir gezek soraga çagyrylypdy.

Ýöne ol şonda öz ýanynda adwokatyň ýokdugyna salgylanmak bilen, organ işgärleriniň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwrüpdi.

Orsýetiň jenaýat-derňew komitetiniň metbugat sekretary Wladimir Markin Anatoliý Serdýukowyň Orsýetiň Goranmak ministrliginiň çäklerinde amala aşyrylan maliýe gaplyklary bilen baglanyşykly işler boýunça şaýat hökmünde soraga çagyrylandygyny aýdýar.

Anatoliý Serdýukow geçen ýylyň noýabrynda öz ýakyn egindeşlerine we kärdeşlerine garşy gozgalan jenaýat işiniň yzy bilen prezident Putin tarapyndan goranmak ministri wezipesinden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG