Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň we Serbiýanyň liderleri gepleşik geçirýärler


Penşenbe güni Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi bilen Serbiýanyň premýer-ministri Iwiça Daçiç Brýusselde özara gepleşik geçirýärler.

Serbiýa 2008-nji ýylda Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan eden Kosowanyň özbaşdaklyk statusyny henizem ykrar etmän gelýär we muňa garşy çykyş edýär.

Brýusselde geçiriljek penşenbe günki gepleşikde iki ýurduň premýer-ministrleri Kosowanyň demirgazygynda ýaşaýan we Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmeýän etniki serbleriň bu regiony bilen baglanyşykly käbir dawaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar.

2008-nji ýyldan bäri Kosowanyň garaşsyzlygyny dünýäniň 90-dan gowrak ýurdy ykrar etdi. Olaryň hatarynda Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň-da aglabasy bar.
XS
SM
MD
LG