Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň polisiýasy protestçiler bilen çaknyşdy


Şenbe güni Azerbaýjanyň polisiýasy Baku şäherinde dükanlaryň kärende töleginiň ýokarlandyrylmagyna nägilelik bildirip, proteste çykan söwdegärleri dargatmak üçin güýç ulandy.

Bu wakada müňe golaý protestçiniň Azerbaýjanyň Alat şäheri bilen Baku şäheriniň aralygyndaky esasy transport ýolunyň ugruny baglandyklary habar berilýär. Maglumata görä, protestçileri dargatmak üçin polisiýa işgärleri göz ýaşardyjy gazlary we dubinkalary ulanypdyr.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi bu wakada 15 sany protestçiniň tussag edilendigini habar berdi. Hususy söwdegärler Bakudaky “Bina” söwda merkezindäki we käbir beýleki söwda merkezlerindäki dükanlaryň kärende bahasynyň birnäçe esse ýokarlandyrylandygyny aýdyp, muňa nägilelik bildirýärler.

Şenbe güni Bakuda muňa protest görnüşinde 5 müň töweregi hususy dükanyň ýapyk bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG