Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro gepleşiklerinde öňegidişligiň bardygyny aýdýar


Şenbe güni Eýranyň resmileri BMG-niň Atom agentligi bilen ýadro meselesi baradaky gepleşiklerde käbir öňegidişlikleriň bardygyny öňe sürdüler.

Eýranyň döwlet mediasy bu meselede ikitaraplaýyn gepleşiklere wekilçilik eden Ali Asgar Soltaniýehiň sözlerine salgylanýar. Emma bu öňegidişlikleriň nämeden ybaratdygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Bu wakanyň öňýany BMG-niň Atom agentliginiň resmileri 17-nji ýanwarda geçirilen gepleşiklerde Eýrandaky ýadro nokatlarynda barlaglaryň gaýtadan ýola goýulmagy baradaky meselede anyk bir ylalaşyga gelip bilmändiklerini mälim edipdiler.
XS
SM
MD
LG