Sepleriň elýeterliligi

Hukuk topary aktiwiste atylan haýbatyň derňelmegini talap edýär


Hýuman Raýts Wotç guramasy rus we özbek häkimiýetleri hukukçy aktiwist Witaliý Ponamorewa atylan ölüm haýbatynyň arkasynda kimleriň durandygyny anyklamaly we jogapkärçilige çekmeli diýdi.

Hukuk topary Memorial adam hukuklary merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň başlygy Ponamorewa şu aýyň başynda elektron poçta arkaly bir topar anonim haýbat atyldy diýýär. Ol hatlarda eger Ponamorew günorta Gyrgyzystana gitse, onuň özüniň we maşgalasynyň öldüriljegi aýdylýar.

Memorial hem rus häkimiýetleriniň bu meseläni derňemegini sorady. Memorialyň aýtmagyna görä, bu hatlar Daşkentde hasaba alnan bir IP adresinden (kompýuteriň özüne mahsus hasap belgisinden) iberilipdir.

Soňky ýyllarda Ponamorew özbek häkimiýetleriniň yslamçy toparlary basyp ýatyryşyny derňedi we hasabat çap etdi.

Şeýle-de ol 2010-njy ýylyň iýunynda günorta Gyrgyzystanda etniki özbekler bilen gyrgyz ýaşaýjylarynyň arasynda bolan zorlukly wakalar barada giňden habar berdi.
XS
SM
MD
LG