Sepleriň elýeterliligi

BMG we ilçi Siriýadaky ýaraglar babatda “daşarky güýçleri” tankytlaýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun we Siriýa boýunça halkara ilçisi Lakdar Brahimi daşarky güýçleri Siriýadaky hökümeti we gozgalaňçylary ýarag bilen üpjün edýänlikleri üçin tankyt etdi.

Ban bilen Brahimi duşenbe güni Nýu-Ýorkda duşuşdy, ýöne olar hiç bir anyk ýurduň adyny tutmadylar. Muňa garamazdan, Orsýet we Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini ýarag bilen üpjün etdi.

Siriýa hökümeti Katary, Türkiýäni we Aýlak döwletlerini oppozisiýany ýaraglandyrmakda aýyplaýar.

Şu aralykda aktiwistler duşenbe güni Hama welaýatynyň Salmiýe diýen ýerinde, janyndan geçen bombaçynyň maşyn partlatmagy netijesinde, 30 çemesi adamyň ölendigini aýtdylar.

Aktiwsitler ölenleriň aglabasynyň hökümete tarapdar milisiýa degişlidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG