Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Tussag lukmanyň aýaly Putine hat ýazdy


Amina Gunaşewa

Amina Gunaşewa

Il arasynda sylanýan doktor Marat Gunaşewiň aýaly Amina Gunaşewa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine göwnüçökgün ýagdaýda hat ýazandygyny aýdýar.

Ýaş zenan Dagystanda sylanýan, käri boýunça anesteziolog bolan adamsyny, hukuk goraýjy organlaryň işgärleri tutup alyp gideli bäri görenok.

Ony organ işgärleri Mahaçgaladaky keselhanadan iş wagty zor bilen alyp gidipdirler. Ýüzi maskaly resmiler Marat Gunaşewi, operasiýa gidip duran otagdan çykaryp, lukman geýminde we aýakgaplarynda bada-bat ulaga mündürip, alyp gidipdirler.

Aýyplamalar

Häzirki wagtda Marat Gunaşew beýleki bir Demirgazyk Kawkaz respublikasynda, sud edilmän, tussaglyga höküm edildi. Ol 2010-njy ýylda Mahaçgalanyň polisiýa ýolbaşçysynyň öldürilmegi bilen baglanyşykly söweşijilere kömek etmekde aýyplanýar.

Marat Gunaşew (gyzy bilen)

Marat Gunaşew (gyzy bilen)

Gunaşewa bu aýyplamalary ”bolgusyz” diýip, ret edýär. Şeýle-de polisiýanyň, prokurorlaryň we Federal howpsuzlyk gullugynyň sowuk-salalygy sebäpli, ol başga maglumat almaga mümkinçiliginiň bolmandygny aýdýar.

Ol prezident Wladimir Putine ýüzlenmeginiň özüniň soňky umydydygyny aýdýar. “Elbet-de, men bu hatyň käbir täsirleriniň boljakdygyna umyt edýärin. Men bu ýagdaýda başga näme edip bilerin?” diýip, Gunaşewa aýtdy.

Maşgalanyň görgüsi munuň bilen hem çäklenmeýär. Gunaşewiň aýalynyň jigisi, hirurg Şamil Gasanow hem şol gün şol keselhanada tussag edilipdir. Ol hem şäheriň polisiýa ýolbaşçysynyň öldürilmegine kömek etmekde aýyplanýar.

Gasanow tussaglykda heläk boldy. Onuň jesedi, kellesi çapylan we bedeniniň ençeme ýerinde zorluklaryň we urgularyň yzlary bolan, şeýle-de iki dyzy hem atylan oklaryň netijesinde owranan ýagdaýda öz dogan-garyndaşlaryna gaýtarylyp berlipdir.

Polisiýa hirurg Şamil Gasanowyň, öýi dökülende, öz öýündäki rugsatsyz saklan ýaragy bilen hukuk goraýjy organlaryň işgärleriniň üstüne hüjüm eden wagty öldürilendigini aýdýar.

Şaýatlaryň görkezmeleri

Şol aýdylýan zatlar, bu waka şaýat bolanlaryň görkezmelerine çapraz gelýär. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, Gasanowyň gözleri hem-de elleri daňlan ekeni.

Bu ýagdaý doktorlara uly hormat goýulýan ýer bolan Mahaçgalada nägilelikleriň döremegine sebäp boldy.

Doktorlaryň dogan-garyndaşlary, dostlary we kärdeşleri olaryň günäsizdiklerini nygtap, ikisiniň hem yslamçy gozgalaňçylar bilen hiç hili ilteşigi bolmadyk dünýewi garaýyşly we orta gatlakdaky maşgaladandyklaryny aýdýarlar.

Gunaşewa adamsy barada şeýle gürrüň berýär: “Ol sylanýan adam, onuň üç sany dürli görnüşdäki işi bar. Ol diňe ýokary saglyk bileleşiginiň ýolbaşçysy bolman, şeýle-de ol näsaglary bejermek üçin ýygy-ýygydan daşary ýurda sapar edýärdi. Ol köplenç anti-terrorçylyk operasiýalarda ýaralanan hukuk goraýjy organlaryň ofiserlerini bejerýärdi. Ol olary öz keselhanasyna getirip, bejerip, aýaga galdyrýardy. Şeýlelikde bu bolýan zatlaryň ählisi biziň üçin dälilik” diýip, Gunaşewa aýtdy.

Şeýle-de Gunaşewa polisiýany öý dökenlerinde öz sekiz ýaşly gyzynyň otagyna, okuw kitaplarynyň arasyna narkotik jisimleri oklanlykda aýyplaýar.

Ýerli saglyk ministri keselhana işgärlerinden kimdir biri Gunaşewidir Gasanowy goldap protest çäresini geçiräýseler, onda protestçileriň oka tutuljakdygy aýdyp, haýbat atandan soň, Gunaşewiň kärdeşleriniň onuň goldawyna protest çäresini geçirmek synanyşyklary ýatyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG