Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: Siriýanyň oppozisiýasy konfliktiň soňlanmagyny bökdeýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwadaky metbugat konferensiýasynda, 23-nji ýanwar, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwadaky metbugat konferensiýasynda, 23-nji ýanwar, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň oppozisiýasyny ýurtda barýan zorlukly konfliktiň soňlanmagy barada edilýän tagallalary bökdeýänlikde aýyplaýar.

Ol çarşenbe güni Moskwada geçen metbugat ýygnagynda bu ýurduň oppozisiýasyny parahatçylyk baradaky tagallalary bozýanlykda günäläp, şeýle diýdi: "Esasy päsgelçilik oppozisiýanyň Başar al-Assadyň režimini agdarmak barada ýolugan arzuwy. Bu eglişiksiz pozisiýa, şeýle dowam etse, gowulyk bolmaz".

Günbatar günäkär...

Orsýetiň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, Siriýanyň oppozisiýasynyň üýtgewsiz tutumyna günbatar ýurtlary bilen Orta Gündogaryň birnäçe ýurdy jogapkär: "Oppozisiýa dialogy düýbünden ret etmegi dowam etdirýär. Ol ýaragly göreş ýoluny saýlap tutdy. Biziň iş toparymyzdaky ýaranlarymyz, gynansak-da, olary bu ýolda ruhlandyryp, olary bu göreş üçin zerur zatlar bilen üpjün edýärler. Netijede taraplary gepleşik stolunyň başyna getirmek üçin bolýan synanyşyk ýok. Bu ugurda tagalla edýän ýeke biz bilen hytaýly kärdeşlerimiz".

Lawrow Orsýetiň Siriýa konflikti baradaky tutumynda ileri tutýan geosyýasy maksadynyň ýokdugyny aýtdy: "Biz Ortaýer regionynyň durnuksyzlaşmagyny islämzok. Biziň harby-deňiz flotumyzyň ol ýerde bolmagy ýagdaýy durnuklylaşdyrýan bir faktor".

Ol soňra hem Moskwanyň esasy islegi "gandöküşikligiň öňüni alyp, Siriýanyň halkynyň janyny halas etmek" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ors raýatlaryny çykarmak

Lawrow, aýdylyşyna görä, 27-si çagalardan ybarat 77 ors raýatyny Siriýadan çykarmak barada hem maglumat berip, şeýle diýdi: "Siriýada, dogrudan hem, biziň on müňlerçe raýatymyz bar. Bularyň köpüsi siriýalylara durmuşa çykan aýallar. Olaryň hemmesi konsulhanalar tarapyndan hasaba alnan däl. Ýöne hasaba alnanlara, eger isleseler, biziň Siriýa ynsanperwerlik kömeklerini getirýän uçarlarymyzdan ýer berler diýip, habar edildi. Biz bu kömekleri kadaly ýetirip durus".

Siriýadan awtobusly Liwana gelen ors raýatlaryny alyp gaýtmak üçin Moskwa sişenbe güni Beýruta iki sany uçar iberdi. Ýöne Lawrowyň bildirmegine görä, mundan peýdalananlar köp bolmandyr: "Biz ilki soramyzda, takmynan müň aýal Orsýete dolanmaga gyzyklanma bildiripdi. Ýöne soňra Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň uçarlary arkaly şeýle mümkinçilik döredilende, ondan peýdalananlaryň sany ýüzdenem az boldy".

Lawrowyň maglumatyna görä, Orsýetiň Siriýada öz ilçihanasyndaky işgärleriniň sanyny azaltmak plany ýok.

"Ilçihana dolulygyna işläp, öz etmeli işlerini ýerine ýetirýär. Ol Siriýanyň ýolbaşçylary, şeýle hem oppozision güýçler bilen gatnaşyk saklaýar. Biziň entek başga planymyz ýok. Regionyň ähli ýurtlarynda we beýleki regionlarda bolşy ýaly, ýagdaý ýaramazlaşan halatynda çalt herekete geçmek üçin planlarymyz, elbetde, bar. Ýöne bu planlary amala aşyrmagyň gürrüňini edemzok" diýip, Lawrow aýtdy.

Siriýadaky täjik raýatlary

Täjigistanyň hökümeti öz raýatlaryny Siriýadan çykarmaga kömek etmegini sorap, Orsýetiň Daşary işler ministrligine haýyş bilen ýüz tutdy.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Dawlat Nazarowyň aýtmagynä görä, Siriýada häzirem 30 töweregi täjik raýatlary bar.

XS
SM
MD
LG