Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Döwlet Dumasy täze kanunlaryň taslamasyna garamakçy


Anna güni Orsýetiň Döwlet Dumasy birnäçe täze kanunçylyk taslamalaryna garamaklygy planlaşdyrýar.

Ol taslamalaryň hatarynda çilime garşy düzgünleri berkidiji, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda gomoseksualizmiň wagyz edilmegini gadagan ediji kanunlaryň taslamalary-da bar.

Gomoseksualizmiň propogandasyna garşy şeýle kanunçylyk Orsýetiň dokuz regionynda eýýäm hereket edýär. Indi Döwlet Dumasy şeýle kanuny tutuş federal derejede kabul etmek isleýär.

Bu kanunçylykda Orsýetde geýleriň we lesbianlaryň paradyny geçirmeklik hem gadagan edilýär. Bu düzgüni bozan aýry-aýry raýatlara 5 müň rubla çenli jerime, guramalara bolsa 500 müň rubla çenli jerime salmaklyk göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG