Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň Sues şäherinde harby güýçler we tehnikalar ýerleşdirildi


Müsüriň Sues şäherinde polisiýa bilen protestçileriň arasynda anna güni ýüze çykan ganly çaknyşyklardan soň, şenbe güni häkimiýetler bu şähere harby güýçleri we tehnikalary ýerleşdirdi.

Sues şäherinde anna güni bolan çaknyşyklarda azyndan alty adamyň, Ismailiýa şäherinde-de azyndan bir adamyň ölendigi habar berilýär.

Müsüriň resmileri Hosni Mübäregiň häkimiýetden çetleşdirilmegine getiren halk rewolýusiýasynyň iki ýyllygyna gabatlanyp gurnalan demonstrasiýalarda ýüz beren çaknyşyklarda jemi 450-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Prezident Muhammad Mürsi Twitter arkaly ýaýradan ýüzlenmesinde ýurduň raýatlaryny ümsümlige çagyrdy we bu bolan wakalarda “jenaýatçy elementleri” aýyplady.

Emma protestçiler prezident Muhammad Mürsüni halk rewolýusiýasynyň demokratik maksatlaryny ýerine ýetirmänlikde hem-de öz eline çakdanaşa ygtyýarlyklary jemlänlikde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG