Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň sudy 21 adamy ölüm jezasyna höküm etdi


Şenbe güni Müsüriň sudy geçen ýylyň fewralynda Port Said şäherindäki stadionda 74 adamyň ölümine getiren hüjümlerde 21 adamy günäli tapyp, olary ölüm jezasyna höküm etdi. Bu wakada aýyplanylýan ýene 52 adamyň işi boýunça sud mart aýynda höküm çykarar diýlip garaşylýar.

Şenbe günki ölüm jezasy berlen 21 adamyň hemmesem Port Said şäheriniň “al-Masri” futbol komandasynyň janköýerleri. Suduň çykaran bu hökümi şenbe güni Port Said şäheriniň türmesiniň öňünde protestçileriň bulagaýçylyk döretmeklerine sebäp boldy.

Protestçiler bilen polisiýa güýçleriniň çaknyşygynda şenbe güni ol ýerde 22 adamyň ölendigi, şolardan ikisiniň polisiýa işgäridigi habar berilýär. Çaknyşyklarda 200-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Geçen ýylyň 1-nji fewralynda Müsüriň Port Said şäheriniň stadionynda ýerli “al-Masri” futbol komandasy bilen Kairiň “al-Ahly” futbol komandasynyň ýaryşynyň yzýany futbol janköýerleriniň gurnan hüjümlerinde 74 adam ölüp, ýüzlerçe adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG