Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: AI 14 žurnalistiň boşadylmagyna çagyryş edýär


Adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy, 14 žurnalistiň tizden-tiz we öňünden hiç ili şert goýulmazdan boşadylmagy üçin Eýran resmilerine çagyryş etdi. Şol žurnalistler ýurduň ençeme gazetiniň edaralaryna edilen reýdleriň netijesinde tussag edilipdi.

Žurnalistleriň Eýranyň daşynda ýerleşýän pars dilindäki “anti-rewolýusion” habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanýandygy aýdylýar.

Şol habar serişdeleriniň arasynda Azatlyk Radiosynyň pars gullugy, ýagny “Radio Farda”, “Amerikanyň sesi” we BBC dagy bar.
XS
SM
MD
LG