Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň ozalky resmisi Abu Dabide tussag edildi


Pakistanyň nebit we gaz edarasynyň ozalky başlygy, gaçgaklykda ýören Taurik Sadyk çarşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide tussag edildi.

Taurik Sadyk 2009-2011-nji ýyllar aralygynda Pakistanyň nebit-gaz pudagyna gözegçilik ediji edara ýolbaşçylyk edende bikanun ýollar arkaly 850 million dollar pul ýuwuşlygyny amala aşyranlykda aýyplanylýar. Ol geçen ýyl sud jogapkärçiliginden gaçyp, ýurdy terk edipdi.

Geçen aý Pakistanyň Ýokary sudy Taurik Sadykyň 2009-njy ýylda bu wezipä bellenmegi hem-de onuň 2012-nji ýylda ýurtdan gaçyp çykmagy bilen baglanyşykly kanun bozmalary anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylmagyna görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG