Sepleriň elýeterliligi

“TeliaSonera” şwed kompaniýasynyň başlygy wezipeden gitdi


Anna güni Şwesiýanyň “TeliaSonera” atly tele-kommunikasiýa kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Lars Niberg Özbegistan bilen kontraktlar boýunça alnyp barylýan derňewleriň barşynda öz wezipesinden çekildi.

Lars Niberg bu barada eden beýanatynda geçirilen barlaglaryň öz kompaniýasynyň Özbegistandaky kontraktlar bilen baglanyşykly käbir kemçiliklere ýol berendigini ýüze çykarandygyny boýun alypdyr.

Derňewçiler Şwesiýanyň “TeliaSonera” tele-kommunikasiýa kompaniýasyna Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa bilen bikanun biznes geleşiklerini baglaşanlykda güman bildirýärler. Häzirki wagt bu meseleler boýunça derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG