Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi: Bulagaýçylyklar üçin birnäçe adam tussag edildi


Protestçiler Tbilisiniň Milli kitaphanasynyň öňünde çykyş edýärler. Tbilisi, 8-nji fewral, 2013.
Protestçiler Tbilisiniň Milli kitaphanasynyň öňünde çykyş edýärler. Tbilisi, 8-nji fewral, 2013.
Şenbe güni Gürjüstanyň polisiýasy Tbiliside Mihail Saakaşwilä garşy protestlerdäki bulagaýçylyklar bilen baglanyşykly üç adamy tussag etdi. Derňewleriň ýene dowam edýändigi habar berilýär.

Anna güni Tbiliside bolan bu protest çykyşlarynda käbir protestçiler prezident Saakaşwiliniň syýasy partiýasyndan birnäçe deputata hüjüm edip, olary ýençdiler.

Bu demonstrasiýada 300 töweregi protestçi Mihial Saakaşwiliniň Tbilisiniň Milli kitaphanasynda ýyllyk doklad bilen çykyş etmegine böwet bolup, muňa ýol bermedi.

Käbir habar çeşmeleri bu proteste gatnaşan adamlaryň köpüsiniň mundan ozal öz syýasy garaýyşlary üçin tussaglykda oturan we geçen ýylyň oktýabryndaky parlament saýlawlarynda oppozision koalisiýanyň ýeňiş gazanmagyndan soň azatlyga goýberilen raýatlardygyny habar berýärler.

Anna güni parlamentde agdyklyk edýän premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň syýasy koalisiýasy prezident Mihail Saakaşwiliniň parlamentiň öňünde ýyllyk doklad bilen çykyş etmegine garşy bolup, onuň bu çykyşyny ýatyrdy.

Iwanişwiliniň syýasy koalisiýasy prezident Saakaşwiliden konstitusiýa girizilen täze üýtgetmeleri kabul etmekligi talap etdi. Bu täze üýtgetmeler Saakaşwiliniň käbir ygtyýarlyklaryny elinden almagy maksat edinýär.

Saakaşwili wada berip, çykyş etdi

Parlamentde çykyş etmäge rugsat berilmedik we Tbilisiniň Milli kitaphanasynda-da çykyş etmegine päsgel berlen prezident Saakaşwili ahyrky netijede prezident köşgünde öz tarapdarlarynyň öňünde doklad bilen çykyş etmeli boldy.

Parlamentde çykyş etmäge rugsat berilmedik prezident Saakaşwili prezident köşgünde öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş etmeli boldy. 8-nji fewral, 2013.
Parlamentde çykyş etmäge rugsat berilmedik prezident Saakaşwili prezident köşgünde öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş etmeli boldy. 8-nji fewral, 2013.
Özüniň bu çykyşynda ol parlamentde agdyklyk edýän öz syýasy garşydaşlaryny özüniň häzirki ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakjakdygyna ynandyrmaga çalyşdy.

“Meniň parlamenti we hökümeti dargatmak hukugym konstitusiýadaky wagtlaýyn zat. Men özümiň bu hukugymy ulanmajakdygymy, aýratynam saýlawlaryň birnäçe aý yzýany ulanmajakdygymy gaýta-gaýta nygtap aýdypdym. Men syýasy dinamikany doly göz öňünde tutýaryn. Men saýlawlardan üç, dört ýa bäş aý soň hökümeti dargatmak synanyşygynyň beýle çäräni amala aşyrjak syýasy güýç üçin öz-özüňi weýran etmeklik boljakdygyna örän gowy göz ýetirýärin” diýip, Saakaşwili nygtady.

Anna güni giçlik Tbilisidäki amerikan ilçisi Riçard Norland gürjüstanly protestçileri ümsümlige we dialoga çagyryp, çykyş etdi.

Mihail Saakaşwiliniň häzirki prezidentlik wezipesiniň möhleti şu ýylyň oktýabrynda tamamlanýar. Onuň garşydaşlary ony başga pikirleri bogmakda we raýatlaryň ynsan hukuklaryny bozmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG