Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Göze görünmeýän jynsy keseller


Jynsy kesellere ýolugan adamlary ýazgarmak duýgusy ilat arasynda ýokary bolmagynda galýar.
Jynsy kesellere ýolugan adamlary ýazgarmak duýgusy ilat arasynda ýokary bolmagynda galýar.
2008-njy ýylyň başyna çenli Aşgabadyň, welaýat merkezleri Marynyň, Türkmenabadyň, Daşoguzyň, Balkanabadyň, hatda Tejen ýaly şol döwürler neşekeşligiň ösen şäherleriniň belli-belli köçelerinde öz tenini pula satyp duran ýaş gyz-gelinleriň bolandygy köpler üçin gizlin zat däldi. Emma häzir ýurdumyzyň ähli oba-şäherleri köp derejede bu wejeraçylykdan saplandy diýsem, öte geçdigim bolmasa gerek.

Tejenli 51 ýaşly Ylýas mundan sekiz ýyl öň başyndan geçen wakalaryň mysalynda bu agzaýan meselämiz hakynda şulary gürrüň berdi: “Tejeniň ‘Arzuw’ bazarynyň töwereklerinde tenini satýan ýaş gelinleriň birine otuz müň manat töläp, onuň bilen zyna eden günümiň ertesi özümde jynsy agyry duýdum. Tejeniň keselhanalarynyň birinde şepagat dogany bolup işleýän tanşyma ýüz tutdym. Tanşym maňa agyr antibiotik sanjymlaryny edip, derman içirip, agyrym aýrylansoň, bejerdim etdi. Çykdajym iki milliýon manat boldy” diýip, gürrüň berdi.

Ylýas sözüni dowam etdirip: “Emma jynsy keselim edil öňküsi ýaly bolup, dört ýyldan soň ýaňadan gozgady. Bu gezek Aşgabatdaky professor, jynsy keselleri bejerýän meşhur lukmanyň anonim merkezinde keselimi bejertdim, özüme alty million, maşgalama hem jynsy keselimi ýokuşdyryp, oňa-da dört million manat çykdajy etmeli boldum. Çykdajym gözüme görnenok, dogrusyny aýtsam, dünýä täzeden gelen ýaly boldum. Meniň ýaly köçede duran ‘gelinleriň’ toruna düşüp, jynsy kesele sataşyp, ejir çeken deň-duşlarymyň sanyny hiç kim bilmeýän bolsa gerek, ýöne şol hapa durmuşyň geçdigi bolawersin” diýdi.

Jynsy kesele sataşan adamlarymyzyň birnäçesiniň özara söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, ol döwürler jynsy keseli bejermek boýunça ýörite ýokary bilimi, asla ýokary bilimi bolmadyk käbir medisina işgärleri üçin jynsy kesellileri “bejermek” düşewüntli söwda öwrülendigini aýtsa bolar.

Şonuň üçin, Ylýas ýaly gizlin özüni bejertjek bolup, soňra uly çykdajy etmeli bolan raýatlarymyzyň az bolmandygyny jynsy keselleri bejerýän käbir lukmanlarymyz hem özara söhbetdeşlikde açyk tassyklaýarlar.

Meseläniň resmi tarapy

Türkmenistanda 2000-nji ýyllaryň başlarynda Aşgabat şaherinde hem welaýat merkezlerinde AIDS keselini barlaýyş hem öňüni alyş merkezleri döredildi. Ýöne ýurdumyzda jynsy keseller bilen kesellänleriň hasaby hiç bir statistiki maglumatda görkezilmeýär.

Muňa garamazdan, jynsy keselleri kämil bejerýän lukmanlaryň käbiriniň tölegli anonim merkezlerini açandygyny bellemek gerek, hatda jynsy keselleri bejerýän döwlete degişli anonim merkezler-de bar. Bu ugur boýunça hususy anonim merkezleriň döwletiňkiden gymmatdygyna garamazdan, jynsy keseller bilen kesellänler lukmanlaryň hususy merkezlerinde bejergi alýan ekenler.

Geçen ýylyň 1-nji dekabrynda “Türkmenistan” gazetinde “Şu gün AIDS-e garşy bütindünýä göreş güni” atly rubrikanyň astynda Ahal welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri Oguljan Halilowanyň “Sagdyn jemgyýetiň goragynda atly şu mesele hakyndaky çaklaňja makalasy ýerleşdirilipdir.

Awtor bu makalasynda bu howply keseliň nähili ýol bilen ýaýraýandygy barada gysgaça maglumat beripdir. Ol: “Türkmenistanda AIDS keseliniň ýaýramak mümkinçiligi ýokdur. Muňa garamazdan, seresaplylygy elden bermeli däldir. Hormatly Prezidentimiziň ‘saglyk’ döwlet maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde AIDS keseline garşy göreşmek we onuň öňüni almak maksatnamasy döredildi we ol döwlet tarapyndan tassyklandy” diýip, makalasyny tamamlapdyr.

Türkmen metbugatynda şu mesele boýunça geçen ýylyň dowamynda şundan başga degerli bir makala çap edilmedi.

Jynsy keselleri ýokaşdyrmazlyk üçin näme etmeli, bu keselden nähili saplanmaly?! Medisina pudagynyň “Saglyk” žurnalynda-da, habar beriş serişdeleriniň saglyga bagyşlap berýän gepleşiklerinde-de bu sowallara jogap ýok. Şol sebäpli AIDS keseli, HIV wirusy hakynda halkymyzda çäkli düşünjeler bar.

Jynsy kesele ýolugany halkymyzda ýazgarmak duýgusy gaty ýokary bolup durýar. Şonuň üçin bu kesele sataşan adamlarymyz häzirem nähilidir bir gizlin ýol bilen il içinde utanç hasaplanýan keselinden çaltrak, hiç kime bildirmän saplanmagyň aladasynda bolýar.

2008-nji ýyldan bäri orta mekdepde “Ýaşaýyş-durmuş esaslary” atly sapak girizilip, 9-10-njy klas okuwçylaryna ahlak arassalygy, maşgala wepalylygy hakynda düşünje berilmegi bu ugurda ýaşlaryň düşünjesini ösdürmekde ädilen möhüm ädimlerden biridir.

Döwlet Mäneli türkmenistanly alymyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG