Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ermenistan: Prezidentlige dalaşgär bäsleşikden çykdy


Anna güni Ermenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurduň prezidentligine dalaşgärlerden biri, “Milli barlyşyk” partiýasynyň lideri Aram Harutiunýanyň dalaşgärlikden çykmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrdy.

Anna güni dalaşgärleriň öz kandidaturasyny aýyrmaklary üçin berilýän in soňky möhletdi. Şeýlelikde, Ermenistanda 18-nji fewrala planlaşdyrylýan prezidentlik saýlawlarynda ýedi sany kandidat özara bäsleşer.

Ýöne ýakynda, 31-nji ýanwarda janyna kast etmek synanyşygy amala aşyrylan dalaşgär Paruýr Haýrikýan özüniň alan ok ýarasy sebäpli saýlawlaryň möhletiniň iki hepde yza süýşürilmegini haýyş etmeginiň mümkindigini mälim edipdi.

Ermenistanyň Milli howpsuzlyk gullugy bu hüjümde güman bildirilýän iki adamyň tussag edilendigine garamazdan, hüjümiň matlabynyň henizem anyk däldigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG