Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM Tbilisiniň häkimine nägilelik bildirýär


Penşenbe güni Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi Tbilisi şäheriniň meriniň soraga çekilmegi üçin suda ýüz tutmakçydygyny mälim etdi.

Içeri işler ministrligi Tbilisiniň meri Gigi Ugulawanyň ministrligiň çakylygyna jogap bermän, ony äsgermezçilik edýändigini öňe sürýär.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi Gigi Ugulawanyň ýakynda Tbilisiniň Milli kitaphanasynyň öňünde prezident Saakaşwiliniň tarapdarlary bilen onuň garşydaşlarynyň arasynda ýüze çykan çaknyşyklar bilen baglanyşykly käbir soraglara jogap bermegini isleýändigini aýdýar.

8-nji fewralda ýüze çykan şol çaknyşyklaryň bolan wagty prezident Saakaşwiliniň ýakyn ýarany hasaplanylýan Gigi Ugulawa hem şol ýerde göze ilipdi.
XS
SM
MD
LG