Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrana täze basyşlar edilýär


Täze hasabatda Eýranyň öz esasy uran baýlaşdyrýan zawodynda has kämil sentrifugalary oturdyp başlandygy aýdylandan soň, Tähran dünýä döwletleri tarapyndan täze basyşlara sezewar bolýar.

Birleşen Ştatlar Eýranyň bu hereketiniň “prowakasiýa ädimi” bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Britaniýa bolsa ony “çynlakaý alada” diýip atlandyrdy.

Eýranyň regional basdaşy Ysraýyl bolsa, Eýran indi ýadro bombasyny ýasamak üçin baýlaşdyrylan material edinmäge "hemme wagtdakysyndan golaý" diýdi.

BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugy penşenbe güni Eýranyň Natanz ýadro merkezinde kämilleşdirilen sentrifugalary oturdýandygyny habar berdi. Bu Yslam respublikasynyň uran baýlaşdyrmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Eýran ýadro ýaragyny edinjek bolýandygyny ret edýär.

Bu ýurt indiki hepde Gazagystanda dünýäniň alty uly döwleti bilen öz ýadro meselesini maslahatlaşmaly.
XS
SM
MD
LG