Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-da ganhorlara jeza berildi


Birleşen Ştatlaryň iki ştatynda ölüm jezasy berlen ganhorlaryň jezasy ýerine ýetirildi.

Tehasda 48 ýaşly Karl Blu özüniň öňki söýgülisini üstüne benzin guýup, otlap öldürenligi üçin, penşenbe güni awuly sanjym arkaly jezalandyrylyp öldürildi.

Jorjada 38 ýaşly Andrýu Kuk hem penşenbe güni, suda eden soňky şikaýaty inkär edilenden soň, awuly sanjym arkaly jezasyny aldy.

Kuk özüniň 1995-nji ýylda, bir maşynda otyrkalar atyp öldüren iki studentiniň maşgalasyndan ötünç sorady.

Birleşen Ştatlar bilen Ýaponiýa henizem ölüm jezasyny ulanýan ýeke-täk uly senagat we demokratiýa ýurtlarydyr.
XS
SM
MD
LG