Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkisýana garşy protest geçdi


Anna güni Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda müňlerçe adam prezident Serž Sarkisýanyň ikilenji möhlet prezident saýlanmagyna protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Duşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda alan sesleriniň sany boýunça ikinji ýerde bolan ozalky daşary işler ministri Raffi Howannisýan prezident Sarkisýany we onuň tarapdarlaryny sesleri galplaşdyrmakda aýyplap çykyş etdi.

Ol saýlawlaryň netijesiniň güýçsüz diýlip yglan edilmegi ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Ermenistanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy duşenbe günki saýlawlarda Serž Sarkisýanyň sesleriň 58.6 prosentine eýe bolup, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Raffi Howannisýanyň bolsa sesleriň 37 prosentine golaýyna eýe bolandygy yglan edildi.
XS
SM
MD
LG