Sepleriň elýeterliligi

Eýran baradaky gepleşik tamamlandy


Çarşenbe güni Gazagystanyň Almaty şäherinde dünýäniň ösen döwletleriniň we Eýranyň ýörite wekilleriniň ýadro meselesi boýunça gepleşikleri tamamlandy.

Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly geçirilen bu gepleşikde taraplar şu ýylyň aprel aýynda Gazagystanyň şu şäherinde ýene bu baradaky gepleşikleri dowam etdirmegi karar etdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Katerin Aşton dünýä döwletleri tarapyndan edilen tekliplere Eýranyň pozitiw jogap bermegine umyt edýändigini aýtdy.

Emma ol bu edilen teklipleriň nämelerden ybaratdygy barada anyk maglumat bermekden saklandy.
XS
SM
MD
LG