Sepleriň elýeterliligi

Olland Putin bilen duşuşýar


Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland penşenbe güni Moskwada prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirýär. Fransiýanyň prezidenti bu wakanyň öňýany bu gepleşikden garaşýan zatlary barada Orsýetiň habar serişdelerine interwýu berdi.

Bu interwýusynda ol fransuz goşunlaryny we harby tehnikasyny Owganystandan çykarmakda Fransiýanyň Orsýetden ýardam soramakçydygyny aýtdy.

Mundan daşary, Fransua Olland Fransiýanyň Siriýadaky oppozision toparlara ýarag bermezlik baradaky embargony bozmak niýetiniň ýokdugyny-da nygtady. Ol Siriýadaky krizisiň öňüni almaklygyň ýeke-täk ýolunyň konfliktleriň güýçlenmegine ýol bermezlikdigini belledi.

Orsýetiň prezident administrasiýasynyň press-relizinde Putin bilen Ollandyň gepleşiklerinde Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyklary, terrorizme we neşe gaçakçylygyna garşy göreş meseleleri barada-da gürrüň ediljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG