Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus deputaty wezipeden çekildi


Çarşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynyň deputaty Nikolaý Olşanskiý öz deputatlyk wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Parlamentiň ýokarky palatasy Olşanskiniň deputatlykdan çekilmeginiň sebäbini onuň gartaşan ýaşy we saglyk ýagdaýy bilen baglanyşdyrýar.

Şu ýylyň başynda prezident Wladimir Putiniň Orsýetiň deputatlaryna, ýokary derejeli resmilerine we olaryň maşgala agzalaryna daşary ýurtlarda bank hasaplaryna hem-de hususy emläklere eýe bolmaklygy gadagan ediji kanunyň proýektini hödürläli bäri geçen gysga wagtyň içinde parlamentiň üç deputaty öz wezipesinden çekildi.

Geçen hepde ýokarky palatanyň spikeri Walentina Matwiýenko daşary ýurtlarda bank hasaplary bar bolan käbir deputatlaryň öz wezipelerinden çekilmekligi göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdi.

Çarşenbe güni wezipesinden çekilen deputat Nikolaý Olşanskiý 750 million dollar töweregi baha durýan emläkleriň eýesi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG