Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çawez ýogaldy


Ugo Çaweziň portretiniň öňünde şemler ýakylgy
Ugo Çaweziň portretiniň öňünde şemler ýakylgy
Ugo Çawez iki ýyl gowrak rak keselinden ejir çekensoň, sişenbe güni, 58 ýaşynda aradan çykdy. Ol Wenesuela 14 ýyl baştutanlyk etdi.

Çaweziň ornuna wagtlaýyn möhlet boýunça ýurt baştutany wezipesini berjaý edýän wise- prezident Nikolas Maduro prezidentiň miras galdyran syýasy ýolunyň dowam etdiriljekdigini aýdyp, şeýle diýdi: “Biz ony ömrümiziň ahyryna çenli küýsäris, emma biz onuň mirasyny dowam etdirip, ony hasam berkideris. Goý, halkymyz biziň öz baştutanymyzyň demokratik, rewolýusion, imperializme garşy we sosial häsiýetli mirasyny pugtalyk we wepalylyk bilen berjaý etjekdigimizi bilsin”.

Şeýle hem Çawez Latyn Amerikasynyň çepçi liderleriniň arasynda iň ýiti öwüşginlisi bolup, onuň öz sözi bilen aýdylanda, ol ABŞ-nyň “imperialistik” syýasatyny yzygiderli tankyt edýänlerden biridi.

Gynançlar

Çaweziň regional ýaranlary onuň ölümini “ullakan ýitgi” diýip häsiýetlendirip, öz gynançlaryny bildirdiler.

Wenesuelanyň iň ýakyn ýarany bolan Ekwadoryň prezidenti Rafael Korrea bolsa duýga ýugrulan çykyş edip, şeýle diýdi: “Ekwadoryň gadyrdan dosty, Wenesuelanyň prezidentiniň ölümi bilen bagly, Ekwadorda üç gün matam yglan ediler. Mähriban Ugo, sen häzir nirede bolsaň hem biziň hem arzuwlarymyz bolan seniň arzuwlaryňy, bir ädim hem yza ätmän durmuşa geçirmek üçin öňküsinden hem yhlasly işläris. Azat, şadyýan, mertebeli özygtyýarlylykdan ybarat bu arzuwlar, Wenesuela bilen bilelikde Kubanyň, Nikaraguanyň, Argentinanyň, Braziliýanyň, Boliwiýanyň we Ekwadoryň, şeýle-de biziň ata Watanymyzyň azatlygy üçin göreşenleriň arzuwlarydyr. Mähriban liderimiz, biz bu ýoldan has öňe gideris”.

Kubanyň hökümeti hem üç gün milli matam yglan etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Amerikanyň Wenesuelanyň halkyny goldaýandygyny aýdyp, Waşingtonyň Wenesuelanyň hökümeti bilen konstruktiw aragatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildiýändigini mälim etdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Çawez bilen hoşlaşyp, onuň Orsýet bilen Wenesualanyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmakda uly goşant goşandygyny, şeýle hem onuň “seýrek we güýçli” adam bolandygyny aýtdy. Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad Çaweziň “şübheli keselden” heläk bolandygyny aýtdy. Hytaý Çawezi “beýik dosty” hökmünde häsiýetlendirdi.

Rak

Çawez 2011-nji ýylyň ortalarynda onuň bedeninde başlanan rak keselini berjermek üçin Kubada dört gezek operasiýa edildi. Ol iň soňky gezek geçen ýylyň dekabr aýynyň 11-inde operasiýa edildi we şondan bäri köpçüligiň öňüne çykmandy.

Maduro sişenbe güni eden çykyşynda hökümetiň ABŞ-nyň iki diplomatyny ýurtdan çykarandygyny we ABŞ-nyň Çaweziň ölümine nähili hem bolsa günäkär bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Waşington bu aýyplamalary “absurd”, ýagny heňe gelmejek zat diýip, düýpden ret etdi .

Wenesuelada ýedi gün matam yglan edildi. Anna güni geçiriljek jaýlanyş dabarasyna çenli Çawez bilen hoşlaşyp bolar.

Öňki awtobus sürüjisi we bileleşigiň lideri bolan 50 ýaşyndaky Maduro, täzeden saýlawlar geçirilip, ýurt baştutany saýlanýança wagtlaýyn prezident hökmünde ýurdy dolandyrar. Täze saýlawlar bolsa otuz günüň dowamynda geçiriler.

Çawez oktýabr aýynda geçirilen saýlawlarda dördünji gezek prezidentlige saýlanypdy. Emma ol näsaglygy zerarly kasam kabul edip, resmi taýdan ýene bir gezek prezidentlik wezipesine geçip bilmändi.

Oktýabr aýynda geçirilen saýlawlarda Çawez oppozisiýanyň lideri Enrike Kaprilisden üstün çykypdy. Indi täze saýlawlarda Maduronyň onuň bilen bäsleşmegi ähtimal.
XS
SM
MD
LG