Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyr we general Abdulmejit Işçi


Kitabyň suraty
Kitabyň suraty
Owganystanda, Eýranda hem-de Türkmenistanda tanalýan görnükli owganystanly türkmen şahyry Abdulmejit Işçiniň aradan çykanyna 10 ýyl boldy. Abdulmejit Işçi bu günki gün Owganystanda ýatlanýarmy?

Abdulmejit Işçi 1948-nji ýylda Owganystanyň Gunduz Welaýatynyň Akdepe obasynda eneden dogdy.

Ol Owganystanyň hem-de öňki SSSR-iň ýokary okuw jaýlarynda bilim aldy. Işçi Owganystanda dürli ýyllarda dürli wezipeleri eýeläpdi. Talyplar döwründe Owganystany terk edip, birnäçe ýyl Pakistanda we Eýranda bosgunlykda ýaşady.

Onuň bosgunlykdaky ýazan goşgulary Eýranda we Owganystanda köp okalýar. Işçi Pakistanda we Eýranda bosgunlykda geçiren döwri öz halkynyň agyr ykbalyna jany ýanyp, şahyrçylyga ýüz urýar.

Goşgy bosgunlykdaky derdi egisýär

Abdulmejit Işçi
Abdulmejit Işçi
Bosgunlykda goşgy ýazmak onuň derdini doly dep etmese-de, egisýär, sebäbi ol öz goşgulary arkaly urşa garşy çykyş edýär we urşy ýazgarýar.

Owganystaly türkmenleriň ykbaly merhum Işçiniň goşgularynda göni öz beýanyny tapýar. Onuň urşa garşy ýazan goşgulary diňe bir Owganystanda däl-de, eýsem tutuş dunýäde bar bolan kynçylyklara, uruş sebäpli döreýän betbagtçylyklara hem ünsi çekýär.

Owganystaly türkmenleriň “Göreş” atly žurnalynyň müdiri Mämmed aga merhum Abdulmejit Isçini ýakyndan tanan adamlaryň biri.

Ol Işçi barada şeýle diýýär: “Işçi 2003-nji ýylyň 15-nji fewralynda aradan çykdy. Ol türkmen we pars dillerinde birnäçe kitaby miras galdyrdy. Biz öz “Göreş” žurnalymyzda onuň goşgularyny çap edýäris we bu ýyl hem Işçini öz žurnalymyzda ýatlaýarys”.

Ýaşlar hem Işçini ýatlaýarlar

Owgan türkmenleriniň ýaşlar jemgyýetiniň agzasy we “Sähra” atly žurnalyň müdiri Abdulbeşir Hekimi owganystanly türkmen ýaşlary Işçini ýatlaýarlar we onuň eserlerini okaýarlar diýýär. Ol “Sähra” žurnalynyň soňky sanynyň hem Işçi şahyra bagyşlanandygyny aýdýar.

Abdulmejit Işçiiniň entek çap bolmadyk eserleri-de bar. “Olar çap edilmeli we owgan türkmenleri öz ene dilleri hem-de medeniýeti barada köp alada eden adamy unutmaly däl” diýip, owgan türkmenleriniň görnükli şahyry Hojanepes Mesaýyd aýdýar.

Owganystanda Abdulmejit Işçiniň adyny göterýän ýörite edebi baýrak döredilmeli diýip, owganystanly türkmenleriň intelligensiýa toparlarynyň wekilleri teklip edýärler.
XS
SM
MD
LG