Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz ýaşlary dialoga çagyrýar


Müň çemesi ýaş aktiwist Bişkegiň Ala-Tu meýdançasyna toplanyp, Gyrgyzystanyň syýasy partiýalarynyň arasynda oňşuklylyga, gepleşige we hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Sişenbe güni geçirilen ýygnanyşyk şäher häkimiýetleriniň ygtyýar bermeginde guraldy.

Onlarça okuw jaýyna wekilçilik edýän ýaşlar gyrgyz raýatlaryny häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berilmedik protestlerden saklanmaga çagyrdylar.

Olar 2005-nji ýylyň martyndaky we 2010-njy ýylyň aprelindäki rewolýusiýalardan soň bolan bidüzgünçilikler ýaly zatlaryň öňüni almak isleýändiklerinii aýtdylar.
XS
SM
MD
LG