Sepleriň elýeterliligi

Watikanda täze Rim papasy saýlandy


Çarşenbe güni giçlik Rim katolik dininiň täze ruhany liderini saýlamak boýunça Watikanda dini kardinallaryň geçiren üçülenji ses berişliginde katolikleriň täze ruhy lideri saýlandy.

Çarşenbe güni agşamlyk bu ýokary dini wezipä argentinaly kardinal Jorj Mario Bergoglionyň saýlanandygy yglan edildi. Munuň özi Amerika dünýä böleginden taryhda ilkinji gezek dini ruhanynyň Rim papasynyň wezipesine saýlanmasy hökmünde alamatlandy.

Bu wakanyň yzy bilen Watikanyň ybadathanasynda Jorj Mario Bergoglio Rim katolik dininiň ruhany lideri hökmünde “Fransis” diýen ruhy adyň berlendigi-de yglan edildi.

Rim katolik dininiň ruhany liderini saýlamak boýunça kardinallaryň ses berişligi hepdäniň sişenbe güni başlanypdy. Ruhany lideri saýlamaga ygtyýarly 115 sany dini kardinal Watikanyň Sistine ybadathanasynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda ses berişlik geçirdi.

Diňe hepdäniň çarşenbe güni giçlik üçülenji ses berişlikde Rim papasynyň wezipesine kimiň saýlanandygy belli boldy.
XS
SM
MD
LG