Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Iki çeh gyzy zamun alyndy


Pakistanyň Bulujystan regionynda näbelli ýaragly adamlar çehiýaly iki sany turist gyzy zamun aldylar.

Penşenbe güni Bulujystan regionynan ýerli hökümet resmisi Zafar Ikbal Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugyna beren interwýusynda bu iki çeh gyzynyň Eýrandan Pakistana barandyklaryny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, olar çarşenbe güni ýanlary ýerli harbylar tarapyndan goragly ýagdaýda awtobusda barýarkalar zamun alnypdyr.

Maglumata görä, awtobusyň sürüjisi bu wakada harby geýimli näbelli adamlaryň bu iki gyzy we onuň goragçylaryny zamun alandyklaryny gürrüň beripdir. Birneme soňra zamun alyjylar çeh gyzlarynyň goragçylaryny serhet ýakada boşadypdyrlar.

Bulujystan regionynyň ýerli hökümet resmisi häzirki wagt bu iki gyzy tapmak boýunça gözleg işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG