Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaýyň täze prezidenti tassyklandy


Penşenbe güni Hytaýyň Halk Gurultaýynyň delegatlary Si Szinpini bu ýurduň prezidenti wezipesine tassykladylar.

Bu barada geçirilen ses berişlikde delegatlaryň 2 müň 952-siniň onuň kandidaturasyny goldandygy, üç delegatyň ses bermekden saklanandygy we diňe bir delegatyň onuň kandidaturasyna garşy ses berendigi habar berilýär.

Si Szinpin geçen ýylyň noýabrynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň lideri Hu Žintaonyň ornuna resmi ýagdaýda hödürlenipdi.

Halk deputatlarynyň Gurultaýynyň tassyklamagy bilen indi Si Szinpin Kommunistik partiýanyň lideri, ýurduň döwlet lideri we Hytaýyň armiýasynyň goşun ýolbaşçysy wezipelerine eýe boldy.

Mundan daşary, şu gün Hytaýyň halk deputatlarynyň Gurultaýy hökümetiň strukturalaryndaky käbir reformalary-da tassyklap ses berdi. Bu reformalaryň hatarynda ýurduň Demirýol ministrligini ýatyryp, onuň borçlaryny käbir beýleki döwlet edaralaryna geçirmek baradaky karar hem bar.
XS
SM
MD
LG