Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al-Kaýda” fransuz raýatyny öldüripdir


Çarşenbe guni “Al-Kaýdanyn” Demirgazyk Afrikadaky topary zamunlykdaky fransuz raýaty Filipp Werdony jezalandyryp öldürendigini yglan etdi.

Fransiýanyň raýaty Filipp Werdon özüniň beýleki bir watandaşy Serge Lazarewiç bilen bilelikde 2011-nji ýylyň maýynda Malide zamun alnypdy.

“Al-Kaýda” toparynyň maglumatyna görä, Filipp Werdon 10-njy martda kellesi kesilip, jezalandyrylyp öldürilipdir.

“Al-Kaýdanyň” Demirgazyk Afrikadaky topary özüniň bu çäresini Fransiýanyň goşunlarynyň Malide alyp barýan operasiýalaryna “jogap” hökmünde düşündirýär.

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi özüniň häzirki wagt bu maglumatyň näderejede hakykata laýyk gelýändigini derňeýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG