Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipre duşenbe gününe çenli wagt berildi


Penşenbe güni Ýewropanyň Merkezi Banky Kipre pul karzlarynyň berilmegi üçin Kipriň talabalaýyk teklipleri işläp düzmelidigini aýdyp, munuň üçin oňa şu geljek duşenbe gününe çenli möhlet berýändigini mälim etdi.

Ýewropanyň Merkezi Banky häzirki wagt Kipriň banklaryna pul bermegini togtatdy we Kipriň banklary bu ýurduň merkezi bankynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça fondlaryndan peýdalanyp başladylar.

Ýewropanyň Merkezi Banky Kipr tarapynyň karz almak barada anyk bir ylalaşyga gelmedik halatynda, özüniň bu ýurduň banklaryna pul bermesini bütinleý togtatjakdygy bilen duýduryş berýär.

Şu hepdäniň sişenbe güni Kipriň parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň hödürlän 10 milliard ýewro kreditinden ýüz öwürmekligi karar etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň hödürlän bu krediti Kipriň banklaryndaky pul goýumlaryna salynýan salgytlary görnetin ýokarlandyrmaklygy şert edip goýýar.

Häzirki wagt Kipriň hökümeti ýurduň býujet defisiti bilen baglanyşykly problemadan çykalga tapmak ugrunda dürli taraplar bilen gepleşikler alyp barýar.
XS
SM
MD
LG