Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berezowskiniň şahsyýetine käbir ştrihler


Boris Berezowskiý (ortada) Londonda Roman Abramowiçe garşy öz şikaýaty boýunça geçirilen sud prosesi özi üçin şowsuz tamamlanandan soň, žurnalistlere interwýu berýär. London, 31-nji awgust, 2012.
Boris Berezowskiý (ortada) Londonda Roman Abramowiçe garşy öz şikaýaty boýunça geçirilen sud prosesi özi üçin şowsuz tamamlanandan soň, žurnalistlere interwýu berýär. London, 31-nji awgust, 2012.
Şenbe güni Londondaky öýünden öli tapylan Boris Berezowskiý öz döwründe 1999-njy ýylda Wladimir Putini häkimiýete getiren esasy şahsyýetlerden biri hasaplanylýar.

2000-nji ýylyň ahyrynda daşary ýurda bosgunlyga gitmäge mejbur edilen-de bolsa, Boris Berezowskiý ençeme ýyllaryň dowamynda Putin tarapyndan dolandyrylýan Orsýet üçin möhüm bir obraza-da öwrüldi.

Orsýetli garaşsyz syýasy analitik Andreý Piontkowskiý ýekşenbe güni ýazan makalasynda Putin bilen Berezowskini “biziň döwrümiziň Stalini we Troskisi” diýip ýazdy.

Orsýetiň “gazeta.ru” internet saýtyna beren interwýusynda belli telewideniýe diktory Wladimir Solowýow özüniň Boris Berezowskiý bilen ýakynda geçiren söhbetdeşligini ýatlap, ony “öz ärinden aýrylyşan, kemsidilen we terk edilen aýal maşgalanyň zeýrenmesi” ýaly, öz gatnaşyklarynyň uşak detallary barada gürrüň edendigini belledi.

Soňky ýyllar Orsýetde Kreml tarapyndan kontrollyk edilýän mediada 1990-njy ýyllary Orsýeti weýrançylygyň bosagasyna getiren kanunsyzlyk döwri hökmünde suratlandyrmak tendensiýasy has giň ýaýran.

“Bela-beterleriň” simwoly

Şonuň bilen birlikde, Berezowskiý hem Orsýetiň mediasynda “bela-beterleriň” simwoly hökmünde suratlandyrylyp, Putine bolsa şol “bela-beterlerden” Orsýeti halas edijiniň roly berilýärdi.

Moskwadaky syýasy tehnologiýalar merkeziniň direktory Igor Bunin hem “gazeta.ru” internet saýtyna beren interwýusynda: “Boris Berezowskiniň obrazy Orsýetde hemme zada günäkär aýylganç arwahyň obrazy hökmünde görkezilip gelindi. Berezowskiniň obrazy arwahlaşdyryldy” diýip, belläpdir.

Orsýetdäki Putine garşy demonstrasiýalardan başlap, “Pussy Riot” hereketiniň agzalary bilen baglanyşykly işlere çenli ähli işlerde diýen ýaly Boris Berezowskä aýyplama bildirilip gelnendigine garamazdan, Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ýekşenbe güni žurnalistlere beren interwýusynda Boris Berezowskiniň bosgunlykdaky roluna uly bir ähmiýet bermeýän ýaly äheňde gürrüň etdi.

“Elbetde, [Berezowskiý] öz döwründe [1990-njy ýyllarda] örän mohum rol oýnady. Men onuň rolunyň pozitiw ýa negatiw bolandygyny aýdyp biljek däl, emma ol örän täsirli şahsyýet bolupdy. Emma men onuň 2000-nji ýyllardaky roluny ulaldyp görkezip biljek däl. Bu megerem minimal rol bolan bolsa gerek. Ol bärik hiç hili täsir ýetirmändi” diýip, Dmitriý Peskow belledi.

2012-nji ýylyň fewralynda Boris Berezowskiý “Facebook” saýtynda özüniň käbir ökünji bilen baglanyşykly gysga we täsirli bir beýanat ýerleşdiripdi.

Ol beýanatda ol orsýetlilerden üç sany zat üçin ötünç sorapdy [Çelgisi: https://www.facebook.com/BorisAbramovichBerezovsky/posts/122903174502447]. Hususan-da, onda Boris Berezowskiý özüniň açgözlüligi, Orsýetde söz azatlygyny weýran edendigi hem-de Putini häkimiýet başyna getirendigi üçin ötünç sorapdy.
XS
SM
MD
LG