Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdada halkara ýaryşy dolanýar


Yragyň milli futbol komandasy sişenbe güni Bagdatda Siriýanyň komandasy bilen özara dostluk ýaryşyny geçirer.

Bu oýun Dünýä futbol guramasynyň Yrakdaky oýunlara girizen gadaganlygyny ýatyranyna bäş gün diýlende oýnalar.

Bu dostlukly ýaryş ilki Yragyň demirgazyk şäheri Erbilde oýnalmaly edildi. Emma Yragyň futbol federasiýasyndaky çeşmeler, şeýle-de FIFA-nyň ýaryşlary geçirmek boýunça agenti Gael Mahe ýekşenbe güni bu oýnuň Bagdatda geçiriljegini aýtdy.

Bagdatda soňky halkara ýaryşy 2009-njy ýylyň sentýabrynda geçirilipdi.

2011-nji ýylyň sentýabrynda Iordaniýa garşy oýnamaly bolanda, Erbil stadionynda elektrik bolmansoň, Yrak özüniň Dünýä çempionatynda “öýde” oýnamaly oýnuny Katarda oýnapdy.
XS
SM
MD
LG