Sepleriň elýeterliligi

Putin gahrymanlyk ady dikeltdi


Anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň raýatlaryna “Zähmet gahrymany” diýen adyň dakylmagy boýunça ozalky däbi dikeltmek baradaky permana gol çekdi.

Sowet häkimiýeti ýyllarynda özleriniň zähmetde görkezen adatdan daşary ýokary netijeleri üçin raýatlara “Sosialistik zähmetiň gahrymany” diýen at dakmak däbi bardy. Zähmetkeşlere şeýle ýokary at bermek däbi 1921-nji ýylda girizilipdi.

Sowet Soýuzynyň ozalky lideri Nikita Hruşew, Gazagystan Kompartiýasynyň ozalky birinji sekretary Dinmuhammet Kunaýew we akademik Andreý Saharow dagylar bu ýokary ada üç gezek eýe bolupdylar.

Ýöne Andreý Saharowyň oppozision garaýyşlary we çykyşlary üçin onuň bu ady Sowet häkimiýetleri tarapyndan yzyna alnypdy. SSSR darganyndan soň Orsýetde zähmetkeşlere beýle at bermek däbi ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG