Sepleriň elýeterliligi

Phenýan ýadro reaktoryny näme üçin işledýär?


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong-un "Işçiler partiýasynyň" Merkezi Komitetiniň maslahatynda, Phenýan, 31-nji mart, 2013.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýong-un "Işçiler partiýasynyň" Merkezi Komitetiniň maslahatynda, Phenýan, 31-nji mart, 2013.

Demirgazyk Koreýanyň öz ýadro reaktoryny gaýtadan işletmek barada eden duýduryşy bu ýurduň Günbatar bilen dartgynly gatnaşyklaryny hasam agyrlaşdyrdy.

Birnäçe hepde bäri Demirgazyk Koreýa we Günbatar özara dartgynlygy güýçlendirýän simwoliki häsiýetli hereketleri amala aşyrmak bilen meşgullandylar.

Emma 2-nji aprelde Phenýanyň 2007-nji ýyldan bäri ýapyk duran Ýongbyon atly ýadro reaktoryny gaýtadan işletmekçidigi barada eden beýannamasy bu ýurduň Günorta Koreýa bilen “urşa taýýarlyk derejesini” yglan etmegi we öz raketalaryny amerikan bazalaryna gönükdirmek niýetini mälim etmegi ýaly hereketlerinden hem has öte geçdi.

Ýongbyon reaktory

Sebäbi Ýongbyon atly ýadro reaktorynyň gaýtadan işledilmegi Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyny döretmäge ukybyny güýçlendirýär we ýurduň ýaraglarynyň sanyny köpeltmek niýetini görkezýär.

Ýadro ýaragy boýunça bilermenler häzirki wagtda Demirgazyk Koreýanyň ýadro raketalarynyň sanynyň alty bilen sekiziň aralygyndadygyny çak edýärler. Bu ýaragyň Ýongbyon ýadro reaktorynda plutoniýden edilendigi çak edilýär. Phenýan Ýongbyon ýadro reaktoryny Günbatar bilen ykdysady ýardam boýunça ylalaşygyň netijesinde ýapypdy.

Angliýanyň Bredford uniwersitetiniň ýadro meseleler boýunça bilermeni Pol Rogers Phenýanyň ýadro reaktoryny gaýtadan işletmek kararynyň uly howp döredýändigini belledi. Bilermeniň pikirine görä, Demirgazyk Koreýanyň bu ädimi onuň has güýçli ýadro ýaragyna eýe bolmaga ymtylýandygyny görkezýär.

Plutoniýden edilen bombalar, baýlaşdyrylan uran bilen deňeşdirilende has güçli bolýar. Şol bir wagtda-da Demirgazyk Koreýanyň Ýongbyon ýadro reaktoryny tiz işledip başlamaga näderejede ukyplydygyny aýtak kyn.

Şwesiýanyň Parahatçylyk boýunça Stokgolm institutynyň ýadro meseleler boýunça bilermeni Şenon Kaýl Ýongbyon ýadro reaktorynyň, ýurduň ýaragsyzlanmagy boýunça halkara ylalaşygyna laýyklykda, doly sandan çykarylandygyny belledi.

Bilermen Phenýanyň bu reaktory dikeldip biljegine şübhe bildirýär.

Şenon Kaýlyň sözlerine görä, Atom energiýasy boýunça halkara agentlik Demirgazyk Koreýanyň ýadro reaktoryna soňky sapar 2009-njy ýylda barypdy we reaktoryň esasy bölekleriniň doly sandan çykarylandygyny görüpdi. Bilermen Phenýanyň Ýongbyon ýadro reaktoryna derek başga bir reaktory döretmegi has ähtimal diýip hasap edýär.

Phenýanyň maksady

Phenýanyň Seul we Waşington bilen aradaky krizisi güýçlenýärkä, bu ýurduň soňky hereketleriniň maksady köp sorag döredýär. Analitikleriň köpüsiniň pikirine görä, Phenýan fewral aýynda geçiren ýadro synaglaryndan soň BMG tarapyndan girizilen sanksiýalaryň has-da güýçlendirilendigine öz nägileligini bildirýäne meňzeýär.

Şol bir wagtda-da häzirki krizis ýurduň täze lideri Kim Ýong-unyň ýurduň harby elitasyny öz daşynda jemlemek boýunça edýän synanyşygynyň netijesi bolmagy mümkin diýen pikirler hem orta atylýar.

30 ýaşly Kim Ýong-un 2011-nji ýylyň aýagynda, kakasy Kim Çen Ir aradan çykansoň, döwlet başyna geçipdi. Ol mundan ozal syýasy sahnada tanalmaýardy.

Käbir çaklamalara görä, Phenýanyň öz ýadro programmasyny dikeltmek niýetini yglan edip, Günbatar bilen Ýaragsyzlanmak programmasynyň çäginde ýene-de kömek almak isleýän bolmagy-da mümkin.

Demirgazyk Koreýa, harby kuwwatyna garamazdan, dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň biri. Bu ýurt öz halkyny açlykdan halas etmek üçin uzak wagtlap BMG-niň azyk kömegine bil baglap gelýär.
XS
SM
MD
LG