Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda Muşarraf suda çagyryldy


Pakistanyň Ýokary sudy ozalky prezident Perwez Muşarrafyň, hökümete dönüklik etmek aýyplamalary boýunça, sişenbe güni suda gelmegine görkezme berdi.

Suduň duşenbe güni çykaran bu karary Muşarrafyň 2007-nji ýylda konstitusiýany ýatyrmak we ýokary derejeli sudýalary işden aýyrmak aýyplamalary bilen bagly. Şol wagt impiçment haýbatlary sebäpli, Muşarraf wezipesinden çekilmeli bolupdy.

Muşarraf bosgunlykda dört ýyl çemesi wagt geçirenden soň, geçen aý Pakistana dolanyp geldi. Ol geljek aý geçiriljek umumy saýlawlara gatnaşmaga taýýarlyk görýär.

Muşarraf 1999-njy ýyldaky hökümet agdarylyşygyndan soňra, Pakistana 10 ýyl çemesi wagt ýolbaşçylyk edipdi.
XS
SM
MD
LG