Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Günorta Koreýa we ABŞ harby gözegçiligini güýçlendirdiler


Günorta Koreýanyň artilleriýasy Günorta Koreýanyň ABŞ bilen bilelikde geçirýän harby türgenleşiklerinde, 9-njy aprel, 2013.

Günorta Koreýanyň artilleriýasy Günorta Koreýanyň ABŞ bilen bilelikde geçirýän harby türgenleşiklerinde, 9-njy aprel, 2013.

Demirgazyk Koreýanyň raketa synagyna taýýarlyk görýändigi baradaky çaklamalar köpelýärkä, Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň bilelikdäki harby gözegçiliginiň güýçlendirilendigi barada habar berildi.

Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň resmilerine salgylanyp berilýän maglumatlara görä, Demirgazyk Koreýa öz gündogar kenaryndan orta uzaklyga atylýan iki sany raketasyny herekete getirip biler.

"Musudan"

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Ýun Byung-seniň ýurduň kanun çykaryjylaryna aýtmagyna görä, bu raketa synagynyň “islendik pursatda amala aşyrylmagy ähtimal”.

Ýun Byung-sen bu barada şeýle diýýär:

“Demirgazyk Koreýanyň Musudan atly täze görnüşli raketany synamagy ähtimal. Ol orta uzaklykdaky raketadyr. Ol 3 500 kilometr uzaklykdaky nyşana ýetmäge ukyply. Onuň näderejede uzaga atyljagy Demirgazyk Koreýanyň kararyna bagly bolar. Raketalar geçen sapar Ýaponiýanyň üstünden uçurylanda bolşy ýaly, ýakyn aralyga-da, has uzak aralyga-da uçurylyp bilner”.

Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habar agentliginiň ady agzalmadyk bir harby resmä salgylanyp ýaýradan maglumatyna görä, Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň bilelikdäki güýçleriniň ýolbaşçylygy potensial howpa jogap bermäge taýýarlyk derejesine geçipdir.

Phenýanyň soňky ädimleri

Şu ýylyň fewral aýynda Phenýan özüniň üçünji ýadro synagyny geçirensoň, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk Koreýa babatynda sanksiýalary güýçlendiripdi. Şondan bäri Phenýan ençeme sapar haýbat atyp çykyş edipdi. Şeýle-de, Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Günorta Koreýa bilen bilelikde geçirýän harby türgenleşiklerine gahar-gazap bildirdi.

Sişenbe güni Demirgazyk Koreýanyň kommunistik hökümeti daşary ýurtlulary Günorta Koreýadan gitmäge ündäp, urşuň bolmagynyň mümkindigini mälim etdi. Geçen hepdede Demirgazyk Koreýa daşary ýurt ilçihanalarynyň Phenýandan çykarylmagyna çagyrdy.

Ýaponiýanyň taýýarlygy

Çarşenbe güni Tokioda, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Itsunori Onodera şäheriň merkezinde ýerleşýän raketalardan goranyş sistemasyny barlady.

Ol Goranmak ministrliginiň golaýynda ýerleşdirilen bu sistema gözegçilik edýän esgerleriň birine ýüzlenip, sistemany ýokary derejede işletmegi we ýurdy hem ýapon halkyny goramaga doly taýýar bolmagy talap etdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon Koreý ýarym adasynda kiçijik bir hadysanyň ýüze çykmagynyň-da “gözegçilik edip bolmajak” bir ýagdaýa sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

Demirgazyk Koreýa ýakyn günlerde birnäçe döwlet senelerini bellemäge taýýarlanýar. Phenýanyň bu ýagdaýy öz harby kuwwatyny görkezmek üçin bahana hökmünde ulanmagynyň ähtimaldygy bellenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG