Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly ýaşlaryň modasy


Demirgazyk Owganystanyň Hamýap etrabynda ýaşaýan Tekrem türkmen taýpasynyň zenanlary
Demirgazyk Owganystanyň Hamýap etrabynda ýaşaýan Tekrem türkmen taýpasynyň zenanlary
Ýaşlaryň arasynda döwrebap egin-eşik modasyna ýykgyn edilmegi, ýaşulylary alada goýýar. Eýsem munuň sebäbi näme? Şeýlede moda meselesinde ýaşlar bilen ýaşulylaryň arasynda nähili pikir tapawutlary bar? Bu Täze Tolkun ýaşlar programmasynyň esasy temasy.
Şeýlede gepleşigimiziň bu tapgyrynda, demirgazyk Owganystanda moda dünýäsinden gaty uzakda ýaşaýan türkmenleriň tekrem taýpasynyň zenanlarynyň geýýän egin-eşikleri barada hem gürrüň edilýär. Gepleşigimizde Maksat atly şahyr diňleýjimiziň moda hakda ýazan goşgysyny hem diňläp bilersiňiz.
Türkmen ýaşlarynyň häzirki modasyndan biri bolan sport we mundan bir ýyl ozal açylan Türkmenistan Sport telekanalynyň görkezýän programmalary we şol programmalaryň ýaşlary kanagatlandyryp-kanagatlandyrmaýandygy barada hem söhbet edýäris.
Programmamyzyň iň ahyrynda bolsa Özbegistandaky söýgülisini görmek üçin mundan bir näçe aý ozal Amyderýany ýüzüp geçen we soňra Özbegistandan deport edilen Owganystanly türkmen ýaş ýigit Abdulnazar bilen onuň söýgülisiniň häzirki durmuşy bilen tanyşarys.
XS
SM
MD
LG