Sepleriň elýeterliligi

BMG: Liwiýa ýaraglary konfliktleri güýjedýär


Liwiýalylar gozgalaňyň iki ýyllygyny belleýärler. Tripoli, 17-nji fewral, 2013 ý.

Liwiýalylar gozgalaňyň iki ýyllygyny belleýärler. Tripoli, 17-nji fewral, 2013 ý.

BMG-niň täze hasabatynda Liwiýadan köp möçberde ok-ýarag çykarylýandygy we olaryň dürli ýerlerdäki, şol sanda Siriýadaky, Gaza zolagyndaky we Malidäki ekstremistleriň we jenaýatçylaryň eline düşýändigi aýdylýar.

Demirgazyk Afrika ýurdy sebitiň esasy ýarag üpjünçisine öwrüldi, hökümet bolsa, 2011-nji ýylda uzak wagtlyk hökümdar Muammar Kaddafi agdarylaly bäri, öz häkimiýetini berkarar etmäge çalyşýar diýip, BMG-niň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de onda derňewler Liwiýadan bikanun geçirilýän ýaraglaryň 12-den gowrak ýurda galtaşýandygyny görkezýär diýilýär.

Aýdylmagyna görä, daşary ýurtlara geçirilýän ýaraglaryň arasynda göçme howa gorag sistemalary, partlaýjylar, minalar, kiçi ýaraglar we ok-däri bar.

Ok-ýaragyň çeşmesi

Hasabatda: "Liwiýa geçen iki ýylda ok-ýaragyň boldumly we özüne çekiji çeşmesine öwrüldi" diýilýär.

94 sahypalyk hasabat BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Liwiýa babatdaky halkara ýarag gadaganlygyna gözegçilik edýän ekspertler topary tarapyndan taýýarlanyldy.
Pitneçiler ýarag ammaryny eýeleýärler. Zintan, 28-nji iýun, 2011 ý.

Pitneçiler ýarag ammaryny eýeleýärler. Zintan, 28-nji iýun, 2011 ý.


Ekspertler topary öz derňewçileriniň bu hasabaty taýýarlamak üçin Afrikada, Ýewropada we Ýakyn Gündogarda ýerleşýän 15 ýurda 28 gezek sapar edendiklerini, şol sanda diňe Liwiýa 10 gezek barandyklaryny aýtdy.

Ýarag gadaganlygyna garamazdan, oppozisiýa güýçleriniň NATO arkalanan pitnesiniň güýçlenmegi we ahyrynda Kaddafiniň agdarylmagy hem-de öldürilmegi bilen baglylykda, Liwiýa kän ok-ýarag getirildi.

Gadaganlygyň bozulmagy

Ekspertler topary özüniň Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden Kaddafä garşy göreşýän güýçleri goldamak üçin getirilen ok-ýaraglar baradaky subutnamany derňändigini, munuň gadaganlygy görnetin bozmak bolup görünýändigini aýtdy.

Hasabatda, hökümetiň gowşaklygy zerarly, Liwiýadaky ýaraglaryň köpüsiniň graždan ilatyň we ýaragly toparlaryň kontrolunda galýandygy aýdylýar.

"Netijeli howpsuzlyk sistemasynyň" bolmazlygy ýaraglary gözegçilik astyna almagyň we Liwiýanyň serhetlerini berkitmegiň öňündäki esasy bökdençlik bolup durýar diýip, hasabatda bellenilýär.

Liwiýadaky ýaraglaryň elýeterliligi sebitdäki ekstremist ýaragly toparlaryň dürli çaknyşyklarda häkimiýetlere garşy pozisiýalaryny berkidýäne meňzeýär diýip, hasabatda nygtalýar. Şeýle-de onda bikanun ýarag söwdasynyň gaçakçylara saldamly pul gazanmak mümkinçiligini döredendigi bellenilýär.

Liwiýa ýaraglary Siriýa-da ýetdi

Liwiýadaky ýaraglaryň Siriýadaky raýat urşuna gatnaşýanlara baryp ýetmegi barada aýdylanda bolsa, hasabat bu hili operasiýalaryň dürli nokatlardan, şol sanda Misrata bilen Bengaziden, Türkiýäniň we demirgazyk Liwanyň üsti bilen amala aşyrylandygyny aýdýar.

Hasabat Liwiýadan Müsüre geçirilýän ýaraglaryň mazaly köpelene meňzeýändigine, soň ol ýaraglaryň käbir böleginiň jeňçi yslamçy topar bolan Hamaz tarapyndan dolandyrylýan Gaza zolagyna baryp ýetýändigine hem ünsi çekýär.

Iki ýyl mundan ozal turan gozgalaňlar netijesinde Müsüriň prezidenti Husni Mubarek agdarylaly bäri, Ysraýyl bilen serhetleşýän Sinaý çölünde hem howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşdy.

Şeýle-de hasabatda Liwiýa ok-ýarag geçirmek işiniň Birleşen Arap Emirlikleri, Ermenistan, Albaniýa we Ukraina ýaly ýurtlary hem öz içine alýandygy aýdylýar.

Onda Liwiýadan getirilen ýaraglaryň Malidäki konfliktiň möwjemegine kömek edendigi hem bellenilýär.
XS
SM
MD
LG