Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň resmilerine sanksiýa girizdi


Şenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri ABŞ-nyň “Magnitskiý akty” diýlip atlandyrylýan sanksiýa dokumentine jogap edip, 18 sany amerikan resmisine garşy sanksiýa girizdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň çap eden bu sanawyndaky amerikan resmilerini Orsýet “ynsan hukuklaryny bozmakda aýyplanýanlar” diýip atlandyrýar.

Bu sanawda ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jorj Buşuň administrasiýasynyň käbir resmileri we amerikan türmesindäki orsýetli raýatlaryň sud işine dahylly käbir resmiler-de bar.

Bu wakadan bir gün öň Birleşen Ştatlar aglabasy Orsýetiň raýatlaryndan ybarat görnüşde düzülen ýörite sanksiýa sanawyny çap etdi. Ol sanawa girizilen 18 adamdan 16-syny Waşington orsýetli ýurist Sergeý Magnitskiniň tussag edilmegine we ölümine dahylly adamlar diýip hasaplaýar.

Magnitskiý 2009-njy ýylda Orsýetiň tussaghanasynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG