Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly amerikan Pulitser baýragyny utdy


Pakistanly amerikan kimlik we din dawasyna ýazýan oturyşyk baradaky drama eseri üçin abraýly Pulitser baýragyna mynasyp boldy.

Ýazyjy Aýad Ahtar özüniň “Ýekirilen” spektaklynyň 2013-nji ýylyň drama eserleri üçin berilýän Pulitser baýragyna mynasyp bolanyny eşidip, haýran galanyny aýtdy.

Bu oýun bir pakistanly amerikan aklawçysy hakynda, ol iki sany jübüdi nahara çagyrýar we saçak başynda yslam we ýahudi däpleri, Kuran we Talmud, jyns we beýleki dini-syýasy temalar barada gyzgyn jedel turýar.

42 ýaşly Ahtar Nýu-Ýorkda, pakistanly immigrantyň maşgalasynda doglan. Ol Wiskonsinde ulalyp, Brown uniwersitetinde we Kolumbiýa uniwersitetiniň kino mekdebinde okady.
XS
SM
MD
LG