Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz deputaty ekstremizme aladalanýar


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň “Ata-žurt” partiýasyndan parlament deputaty Dastanbek Jumabekow bu ýurtda käbir ýaş oglanlaryň Siriýadaky uruşlara taýýarlanýandyklary barada peýda bolan maglumatlar boýunça derňew işleriniň geçirilmegine çagyryş etdi.

Özüniň bu baradaky çykyşynda ol ýurduň günortasyndaky Oş oblastynyň Arawan we käbir beýleki raýonlarynyň ýaşaýjylaryndan alnan maglumatlara salgylandy.

Deputat Dastanbek Jumabekowyň aýtmagyna görä, bu regionyň ýaşaýjylary soňky wagtlar 15 töweregi ýaş oglanyň ýerli metjitlerde ýörite tälim alyp, Türkiýäniň üsti bilen Siriýadaky uruşlara gatnaşmak üçin Gyrgyzystandan gidendiklerini gürrüň beripdirler.

Jumabekow häzirki wagt bu wakany öwrenmek üçin parlament deputatlaryndan biriniň we ýerli ene-atalardan hem ikisiniň Türkiýäniň Ystambul şäherine gidendiklerini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG