Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: “Gümürtik” bukjalar howsala döredýär


ABŞ-nyň Federal Derňew Býurosy prezident Barak Obama üçin niýetlenen bir bukjanyň içinden gümürtik bir jisimiň tapylandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, bu bukjadaky gümürtik jisim sişenbe güni Ak Tamyň daşynda hat bukjalaryny barlagdan geçirýän bölümde ýüze çykarylypdyr. Şol gün senator Rojer Wiker üçin niýetlenen başga bir bukjadan hem ölüm howply risin maddasynyň tapylandygy habar berlipdi.

ABŞ-nyň Gizlin gullugynyň metbugat sekretary Edwin Donowan häzirki wagt bu bukjalaryň kim tarapyndan ugradylandygyny anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň käbir telewizion kanallary Kongresiň binasynda ýene bir gümürtik bukjanyň ýüze çykarylandygy sebäpli, Kongresiň binasynyň käbir böleklerindäki işgärleriň ewakuasiýa edilendiklerini habar berdiler.

Bu gümürtik bukjalaryň ýüze çykarylmazynyň öňýany, duşenbe güni Bostonda marafon ylgawy boýunça gurnalan ýaryş wagtynda ýaryşyň tamamlanýan zonasynda yzly-yzyna amala aşyrylan iki sany partlamada üç adam ölüp, 170 töweregi adam ýaralanypdy. Bu partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG