Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Heýgel Ysraýyla sapar edýär


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Çak Heýgel Ysraýyla sapara bardy. Ol Tel-Awiwde eden çykyşynda Eýranyň ýadro programmasynyň Birleşen Ştatlara we Ysraýyla deň derejede howp abandyrýandygyny nygtady.

Çak Heýgeliň bu sapary onuň şu ýylyň fewralynda Goranmak sekretary wezipesine belleneli bäri Ýakyn Gündogar regionyna edýän ilkinji saparydyr.

Ol özüniň Ysraýyla saparynyň barşynda bu ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen Eýranyň ýadro programmasy we Siriýadaky konfliktler bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşar diýlip garaşylýar.

Regiona edýän alty günlük saparynyň dowamynda Çak Heýgel Saud Arabystanyna we Birleşen Arap Emirliklerine-de sapar eder.
XS
SM
MD
LG